Ovezova_
01.08.2022 14:25
Onuň şahsy arhiw suratlary hakynda Orazgül mugallyma käbir sowallar bilen ýüzlendik. Ol:
—Togrulbeg bir mahal Özbegistanyň «Ýalla» aýdym-saz toparynda-da, özbek halkynyň meşhur aýdymçysy Ýulduz Usmanowa dagy bilen bile işledi. Soň şol ýerde geçirilen halkara bäsleşige baranda Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew Togrulbegi ýurdumyza alyp gaýdýar. Soň olar kän ýyl bile işleşdiler. Togrulbeg Atabaýyň ýerine ýetiren halk aýdymlarynyň köpüsini estrada geçirdi. Ynha, onuň öz ýerine ýetiren aýdymlarynyň wideoýazgylary —  diýip, ol el telefonundan Togrulbeg Artykowyň aýdan aýdymlaryny diňletdi. Ol: — 1995-nji ýylda Togrulbeg bilen Türkiýä gezelenje gitdik. Şonda saz guraly satylýan dükana bardyk. Ol saz guraly satyn almak üçin ilki şol guralda saz çalyp hilini barlap gördi. Şonda bir ýigit: «Adym Şawkat, özümem sazanda, gal, sen şu ýerde, biziň toparymyzda işle!» diýip Togrulbege gaty kän ýalbardy. Togrulbeg nirede bolsa-da öz ýurduny küýseýärdi. Birnäçe daşary ýurtlara döredijilik saparlara gitdi. Wetnam döwletinde saparda bolanda Watan hakynda aýdym döredipdi. Häzirki wagtda-da aýdymçylar ol aýdymy «Daş, daş, ara daş» diýip aýdýarlar. Ol «Gara bägüller» filmini saz bilen bezedi. Onuň döreden aýdymlaryny Parahat Amandurdyýew, Jahan Tagyýewa, Nurýagdy Rejebow, Zöhre Gurtnyýazowa, Guwanç Ýazmämmedow, Annaguly Babaýew,  Rahman Hudaýberdiýew we başga-da ýurdumyzyň sungat ýyldyzlarynyň ençemesi ýerine ýetirýärler. Togrulbegiň döredijiligine degişli «Durnalar», «Ezizim», «Mährim», «Mährijemal», «Aýralyk», «Biwepa» we başga-da ençeme aýdymlary häzirki döwürde hem  teleradio ýaýlymlarda ýaňlanyp dur — diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol gülüp: «Togrulbegiň döreden aýdymlarynyň arasynda «Mährim», «Mährijemal» atly aýdymlary kän. Ol aýdymlaryň sözlerini sazyny özi ýazansoň, gaýynenem: «Ýoldaşyň haçan görseň «Mähri» diýip zarlap ýör welin, şu gezek gyzyň bolsa adyna Mähri dakjak» diýip üçünji gyzymyzyň adyna Mähri dakdy. Onuň bu syry hakynda welin, başga hiç zat bilemok. Neresse 2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde-de dünýeden gaýtdy — diýip dymdy.

8
126
jemal_seyitniyazowa
1 Awgust 2022
moana, Gowy adam eken💙🦋👏🏻
perizadym
1 Awgust 2022
Dowamyna garaşyas👍
Relax
1 Awgust 2022
Özbekleñ Ýalla gruhy hazirem barrr
Papatya
1 Awgust 2022
❣️dowamyna garaşýan...
Ovezova_
1 Awgust 2022
Guli_,howwalay Gülnar ýaly bolmayyn diydim😁😅🤦🏻‍♀️
guli_
1 Awgust 2022
Ovezova_,natdinay😁😁😁senm ahyry namys bildin ha su gun
Ovezova_
1 Awgust 2022
Esger.80,bolýa) Guli_,mana iki gezek ugradypdyr biri maýda birem 5ne geçen aýyň🤦🏻‍♀️
abdy_dayy
1 Awgust 2022
Ovezova_,nesip bolsa garasyas Ovezova_,
Ovezova_
1 Awgust 2022
Guli_,sana duýduryş gelmedimay🙄
guli_
1 Awgust 2022
Ovezova_,Ýaltanýanam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.