M.D
01.08.2022 11:38
Şol gün işden çykanymda öýlänçi geldi-de, dünýäni suw-sil etdi.Üst-başym mazaly ezilipdi.Öýe girenimden doganlarym: ''Saýawanyñy ýadyñdan çykarmaly däl ekeniñ '' diýip igendiler.Garry enem we atam hem olaryñ hörpünden gopdy: ''Ýagyş diñýançä garaşyp,soñ çykaýmaly ekeniñ'' diýdiler.Kakam hem öz gezeginde igesini sürtüp galdy: ''Ýagşa ezilip, dümewlärsiñ welin, bu bolşuñ ýaramazdygyna şonda düşünip galarsyñ''diýdi.
Şol wagt ejem ýanyma geldi we suwy sarkyp duran saçlarymy sypalap: ''Oglum öýe gelýänçä ýagyş birazyrak garaşaýmaly dälmi?'' diýdi.
Ine,ene ýüregi şeýle bolýar.
Rahmet Gylyjow ,,Halallyk kyssalary''
11
110
M.D
1 Awgust 2022
Papatya,👍👍👍
Papatya
1 Awgust 2022
Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz, enäniň ýüregi gülden näzikdir. Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz, Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr...
Sayida
1 Awgust 2022
👍💝💖💗 dogry
M.D
1 Awgust 2022
Serwi,❤.Allajan enelerimiziñ ömri uzak bolsun.
abdy_dayy
1 Awgust 2022
Eneler hakda nace yazsanda azdyr 👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.