Sayida
01.08.2022 10:08
Juma güni azan okalansoñ, adamlaryñ hemmesi metjide tarap ugrapdyrlar. Hz. Omar bin Hattab hem metjide tarap barýarka, ylgap gelýän 5-6 ýaşlaryndaky oglanjyk bilen çaknyşypdyr. Hz. Omar oglanjygy saklap, " Beýle gyssanmaç nirä ylgap barýarsyñ" diýip sorapdyr. Oglanjyk:
- Men hem metjide namaz okamaga barýan - diýip jogap beripdir. Hz. Omar çaganyñ bu sözüne ýylgyryp:
- Sen entek kiçijek ahyry. Namazy azajyk ulalañsoñ hem okasañ bolara! -diýipdir. Oglan bu söze ör gökden gelipdir.
- Düýn biziñ goñşymyzyñ sallançakda ýatan bäbejigi ýogaldy. Ölümiñ haçan geljegi belli däl ahyry!!!
Hz. Omar çaganyñ imanyna haýran galyp, gözünden ýaş akdyrypdyr.

📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜📜

Seýilbagdan geçip barýan bir adam oýnap ýören çagalaryñ deñinde saklanypdyr. Çagalaryñ hemmesi howa şaryny oýnaýar eken. Bir çetde çagalara goşulman duran çagajygyñ elinde howa şarynyñ ýokdugyna adamyñ gözi düşüpdir. Adam göwün edipdir- de şol ýerde şar satýan adamdan bir sany howa şaryny satyn alyp, çaga beripdir. Çagajyk muña diýseñ begenipdir we adama geñ sowal beripdir:
-Sen Allanyñ dostumy? - Adam örän birhili bolup, çaganyñ soragyna sorag bilen jogap beripdir:
-Ony nämeden soradyñ?
- Men düýn agşam Allaha howa şary isleýändigimi aýtdym. Eger Alla saña muny duýdurmasa, sen nädip meniñ şar dilänimi biljek?!...

Uly adamlaryñ Allanyñ dilegleri kabul edýändigine şübhelenýän halatynda, çagalaryñ sada kalbynda Allatagalanyñ dileglerimizi hökman kabul edýändigine şübhesiz ynanmaklary tolgundyryjy dälmi eýsem?!

💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝💝
10
93
abdy_dayy
1 Awgust 2022
👍👍👍👍👏👏 gaty tolgundyryjy malades👏👏
Myhman Myhman
1 Awgust 2022
🌹🌹🌹🌹🌹
unknown_12
1 Awgust 2022
👍👍👍👏👏
Relax
1 Awgust 2022
👍👍👍👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.