Poet
01.08.2022 00:54
Zyndan

Şeýle bir garaňky, elhenç zyndanda,
Otyrdy bir törde gandally kişi.
Darajyk penjire, gysgajyk yşyk,
Öçügsi ýagtylyk zyndanyň içi.

Ol juda köp wagtlap ýatdy zyndanda,
Wagty çak edýärdi: iki ýyl pesi.
Käwagt penjirä ýöräp baranda,
Eşdilýär şyňňyrdap zynjyryň sesi.

Ýyllar garradypdy juwan ýaşyny,
Indi gartaň ýaly ençe oýlanýar.
Günleri geçmeýär, geçirjek bolup
Gündüzleri ýatýar, gije oýanýar.

Geçýär, yzly-yzyna gijeler geçýär.
Bir pursat (gündizi) bakýar penjirä.
Şeýle bir ýagtylyk şöhlesin saçýar,
Göýä yşyk berýän ýalkymly çyra.

Gitjek boldy ýagtylyga imrinip,
Ýöreýärdi... soňra barha bat aldy.
Emma şol pursatda saklady bir zat:
Gollary zynjyrly, aýak gandally.

Ýene-de otyrdy öňki töründe,
Elleri aýagy gandally kişi.
Darajyk penjire, gysgajyk yşyk,
Öçügsi ýagtylyk zyndanyň içi.

...Ynha, bu gün göwnüm zyndanda ýatyr,
Näçe ýyl geçse-de ötmedik gaýgym.
Sebäbi kalbymyň töründe otyr,
Meniň saňa aýdyp bilmedik söýgim...
8
136
Dusia
3 Awgust 2022
😐👍 gowy oýlanma berekella!
Isko
1 Awgust 2022
Motivasyon berya😢😢
Leýla💔
1 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
1 Awgust 2022
Goşgy, surat söz ýok, hasam Iň soňky setiri👏👏👏
unknown_12
1 Awgust 2022
👍👍👍👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.