perizadym
01.08.2022 00:04
Göwne göwünlik bersemem,
Gussasy aram tapanok.
Käte meni menden alýan,
Päkize halam tapamok.
Güýzde baglañ goñraslygyn,
Sähräñ sary begreslerin,
Geýnip, gussa batan wagty,
Arzuwlarmyñ süýjüligin
Hakykatyñ ajylygy
Ýeñip, meni köseýärkä,
Ylhamymam: " Goýber" diýip,
Ýüregimi gorsaýarka,
Gözenekden dünýä bakyp,
Ýaşamak kyn, düşünsene!
Meni ýene hujuwlarmyñ,
Mekanyna gowşuryana !

Belki ýyllar çalyşýandyr,
Hujuwymyzy agraslyga.
Gün-günden has agras bakýar,
Göýä, maña bakýan zatlar.
Käte diýýän: " Ýeri, besdir
Hany birazyjyk şatlan! "
Ýöne maña şatlyk berjek,
Sahna, adamlar uzakda...
Synan süññümi terk etmän,
Göwün kepderim uzakda...
Goşgulamdan täleýimiñ,
Kysmatyny okaýarkam,
Biraz agyr bolýan eken,
Özüñi öñünden görseñ-
Ýeri, Günüñ zülplerini,
Her säherde örüpmişim.
Gijeler ak ýyldyzlary,
Monjuk deýin dörüpmişim.
Aýyñ belent münberinde,
Goşgy okap arypmyşym...
Ýöne bulañ bary, heý-de,
Öñki joşguna degermi?!
Agraslykdan bogulsam,
Ýaşlyk hujuwym gelermi ?!

Meñli Aşyrowa
12
52
ay_kiz_
1 Awgust 2022
👏👏👏👏👏👏
unknown_12
1 Awgust 2022
👍👍👍👏👏
Myhman Myhman
1 Awgust 2022
Gowy goşgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.