(degişme)
Nasreddin Ependi bazardan erik satyn alyp gelipdir-de, oturyp aýaly bilen iýmäge başlapdyr. Aýaly adamsynyň erigi şänigi bilen iýýändigini görüp, hüňürdäp başlapdyr:
— Bolşuňyz nähili, açlykdaň çykan ýaly? Şänigini iýmeli däl ahyryn.
— Erik satýanyň akyly seniňkiden köp bolmaly. Eger erigi şäniksiz iýip bolýan bolsa, onda ol onuň şänigini aýratyn satardy — diýip, Ependi jogap beripdir.