1850 ýyl ozalky şaýylyk tapyldy
Ysraýylyň arheologlary gadymy Rim Aý hudaýy şekillendirilen 1850 ýyl mundan ozalky bürünç şaýylygy tapdylar. Bu barada Ysraýylyň gadymyýet müdiriýeti mälim etdi.
Gadymy Rim döwrüne degişli bu şaýylyk Ysraýylyň Ortaýer deňziniň kenarýakasynyň düýbünden tapyldy. Arheologlaryň çaklamalaryna görä, bu şaýylyk 1850-nji ýylda Aleksandriýada, imperator Antonin Piýiniň döwründe zikgelenipdir.
Şaýylyk bürünçden ýasalyp, juda abat saklanypdyr, onuň ýüzündäki ýazgylar bolsa, şaýylygyň haýsy döwürde zikgelenendigini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şaýylykda Antonin hökümdarlygynyň (miladydan öň 138-161 ýyllar) sekizinji ýylyny aňladýan «sekizinji ýyl» diýen ýazgy bar. Şeýle-de, şaýy pulda leňňeç zodiak alamaty we Aý hudaýynyň şekili bar. Ysraýylyň kenarýakalaryndan ýüze çykarylan bu taryhy gymmatlyklar ýurduň geçmişde beýleki Ortaýer deňiz portlary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolandygyna güwä geçýär.
çeşme:www.turkmenistan.com.tm