Sayida
31.07.2022 10:12
Çaý başynda diýseñ lezzetli. Eger taýarlap görern diýseñiz... Peýnirli pogaça
Gerekli önümler
Hamyry üçin:
* 100 gr sary ýag
* Ýarym çaý bulgur günebakar ýagy
* Bir çaý bulgur ýyly süýt
* Bir çaý bulgur ýyly suw
* 1 ýumurtga
* 20gr ýaş maýa
* Duz
* Alyşyça un
Iç hurşy üçin: Ereýän peýnir
Üsti üçin: Suw. Künji
☆☆☆ Ýaş maýany süýt we suw bilen garyşdyryp, ereýänçä çalmaly. Beýleki önümleri hem yzygider goşup, ýumşak hamyr ýugurmaly. Üstüni çyg mata bilen örtüp, bir sagat goýmaly.
Hamyrdan parçalar goparyp, eliñiz bilen ýasylaşdyryñ. Içine peýnir bölejiklerinden ýerleşdirip ýapyñ we owadan şekil beriñ. Taýarlan pogaçalaryñyzy ilki suwa batyryp, soñra künjä bulañ we duhowkanyñ tabagyna düzüñ. Üstlerine pyçak bilen çyzyklar geçiriñ we ýene 30 min. garaşdyryñ.
180° dereje gyzgynlykdaky duhowkada gyzarýança bişiriñ. IŞDÄÑIZ AÇYK BOLSUN!
7
58
perizadym
31 Iýul 2022
👍👍👍👍😋
abdy_dayy
31 Iýul 2022
👍👍🏃‍♂️🏃‍♂️🏃‍♂️🏃‍♂️ tayyn bolsa baryan iymane😊😊😊
Leýla💔
31 Iýul 2022
İýesim gelip gitda
Ovezova_
31 Iýul 2022
Sayida,dogry howwa ýumurtgan sarysy hem owadan bisirya
Sayida
31 Iýul 2022
Ovezova_, 👍 Mena ilegme göra her hili edýän. Ýumurtganyñ sarysyny çalyp üstüne künjem sepýän
Ovezova_
31 Iýul 2022
Köplenç ýagdaýda türklen özi hamyry suwa dälde suw bilen suwgaldylan toşaba batyryp cykaryalar

Gowy resept özüňiz bişirip gordunizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.