Kim, haçan oýlap tapdy?
Mikrotolkun peç. Taryhda käbir açyşlar tötänleýin diýen ýaly, käbiri bolsa, başga bir zat gözlenýärkä tapylypdyr. Oýlanyp tapylan zatlaryň käbiri bolsa, şol döwürde zerurlyk ýoklugy ýa-da beýleki sebäplerden onlarça ýyl soňra ulanmaga berlipdir. Häzirki wagtda gündelik durmuşda ulanylýan mikrotolkun peçler hem tötänleýin tapylypdyr. Bu peçleriň içi gyzmaýan hem bolsa, içinde goýlan iýmit birnäçe minutda gyzýar. Eýsem, bu täsin aşhana enjamy haçan oýlanyp tapyldyka?
Mikrotolkun pejini oýlap tapan Persi Spenser (1894-1970) elektron enjamlary boýunça ökde hünärmen bolupdyr. Ol bir gün laboratoriýasynda radar enjamlaryny öndürmek üçin işleýän wagty enjamyň tok berýän bölekleriniň biri bolan magnetronyň ýanynda duran wagty jübüsindäki şokoladyň erändigini aňypdyr. Ol bu ýagdaýa geň galypdyr. Sebäbi hiç hili gyzgynlygy duýmadyk hem bolsa, bu enjam onuň jübüsindäki zady eredipdir. Bilesigelijiligi artan Spenser beýleki zatlary hem magnetronyň ýanynda goýup, nähili täsir edýändigine syn edipdir. Geçiren tejribeleriniň netijesinde bu enjamyň ýanynda goýlanda mekgejöweniň hem ýarylýandygyna göz ýetiren Spenser gaýnadyp bişirilen ýumurtganyň hem magnetronyň ýanynda goýlanda ýarylandygyny görüpdir.
Spenser bu açyşy bilen aşhanada ulanyp boljak enjamy ýasap boljakdygyna göz ýetirýär. Soňra bolsa, nahar bişirip bolýan has netijeli enjamlary işläp taýýarlamak kararyna gelýär. 1945-nji ýylda şeýle enjamy öndürendigi barada degişli rugsatnama üçin ýüz tutýar. 1946-njy ýylda ABŞ-nyň Boston şäherinde bu enjamyny dürli synaglardan geçirýär we gysga wagtdan enjamyň önümçiligi ýola goýlup, satuwa çykarylýar. Bu enjam müşderilerde o diýen uly isleg döretmeýär. Sebäbi ilkinji mikrotolkun pejiň beýikligi 1,8 metre ýetýän eken. Bahasy hem örän gymmat bolan enjamy sowatmak üçin hem aýratyn ulgam gerek bolupdyr. Emma wagtyň geçmegi bilen mikrotolkun pejiň has kiçi we amatly görnüşleri peýda bolýar. 1975-nji ýylda mikrotolkunly peçleriň satuwy gaz peçleriň satuwyndan hem köp bolupdyr.
Mikrotolkun peçleriň adaty howurpeçlerden tapawudy, bu enjamlar içine salnan iýmitiň hemme ýerini deň derejede bişirmeýär. Bu enjam nahary gyzdyrmak üçin hiç hili gyzgynlyk döretmeýär. Mikrotolkun peçler iýmiti gyzdyrmak üçin mikrotolkunlardan, ýagny rodiotolkunlardan peýdalanýar. Şol sebäpli, bu peçler nahar bişirmek üçin däl-de, taýýar ýa-da ýarymtaýýar nahary gyzdyrmak üçin peýdalanylýar.
çeşme: www.zamanturkmenistan.com.tm