ÝAKYMLY ÝATLAMALAR
Sabo Artykow: estrada sungatymyzyň ilkinji täzelikçisi
Halkymyzyň arasynda «Sabo Artykow» ady bilen tanalýan aýdymçy, sazanda Togrulbeg Artykowyň döredijiligi, durmuş yoly hakynda öwrenmek üçin ýakynda onuň maşgala ojagyna baryp, ýan ýoldaşy Orazgül gelneje bilen gürrüňdeş bolduk. Orazgül gelneje mugallym bolansoň, gürrüň bermäge ökde eken. Ol 1981-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini gutaryp, otuz ýyldan-da gowrak mugallym bolup işläpdir. Ol 1980-nji ýylda Togrulbeg Artykow bilen durmuş gurupdyr. Durmuş toýlarynda türkmen estrada sungatynda öz ýoluny goýan halypa aýdymçy Nurýagdy Tokgaýew aýdym aýdypdyr, wäşi artistler Juma Ýazmyradow bilen Gurbannazar Atakgaýew dagy toýuň alypbaryjylary bolupdyrlar. Togrulbeg Artykowyň maşgalasynda bäş gyz perzentleri bolup ählisi maşgalaly. Häzirki wagtda bularyň 16 sany agtygy bar. Orazgül mugallym ilki bilen ýan ýoldaşynyň arhiw maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Togrulbeg Hallyýewiç Artykow 1960-njy ýylyň 8-nji iýulynda Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasynda doglupdyr. Torulbeg iki oglan, dört gyz doganyň biri. Özem ol maşgalanyň körpe perzendi. Häzirki wagtda onuň diňe iki aýal dogany aýatda diri. Onuň uly agasy polisiýa işgäri eken. Çaga wagty Togrulbeg agzy bilen dürli hereketlerde her dürli saz heňlerine hiňlenip, gijelerine agasyny arkaýyn uklamaga rahatlyk bermändir. Ahyry bir gün onuň bu hereketine çydaman, agasy ony ýörite sazçylyk mekdep-internatyna äkidýär. Barsalar ol ýerde eýýäm gözden geçiriliş tamamlanypdyr. Onsoň agasy: «Gaýrat edip şuny synagdan geçiriň, şunuň agzy bilen saz çalyp oturmasyndan ýaňa gijelerine arkaýyn ukymy alyp bilmämsoň, halys çydaman geldim» diýip ýagdaýy düşündirýär. Onsoň synag topary Togrulbegi pianino saz guralyň ýanyna eltip: «Hany, şu saz guralda saz çalyp ber» diýýärler. Ol şonda saz çalyp başlandan «haçan öwrendikä?» diýip agasynyň özi geň galypdyr. Şeýlelik bilenem ol ilki şol wagtky Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, soňra 9-10-njy synplaryny Kaka etrabyndaky 13-nji orta mekdepde okaýar. Orta mekdebi tamamlansoň, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda ýokary bilim alýar. Ol mekdep-internatynda okaýan wagtlary futbol ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar eken. Onuň futbol oýnamaga-da ukyplydygyna göwünleri ýetip, «SSSR-iň ýygyndy toparynyň belli oýunçylarynyň biri Ýožef Sabo ýaly ussat oýunçy bolarsyň» diýip, deň-duşlary adyna «Sabo» diýip ýüzlenipdirler. Şeýlelik bilenem onuň Sabo ady ýörgünli bolup galýar. Ol öz döwründe Alagaýyşly festiwalynda ýeňiji bolýar. Onuň maşgala ojagyndaky iş otagynda özüniň çalan «pianino» saz guraly, Afrika döwletine döredijilik sapara gidende sowgat berilen deprek saz guraly, Hindistan Respublikasynda ýurdumyza döredijilik sapary bilen gelen sungat wekilleriniň sowgat beren «Sitara» saz guraly bar eken. Körpe gyzynyň durmuş toýunda «Islenen. GOM.» ýazgy bilen sowgat berilen uly portret suraty diwardan asylgy dur. Ol suraty haýsydyr bir suratkeş sünnäläp çekipdir. Onuň şahsy arhiw suratlary hakynda Orazgül mugallyma käbir sowallar bilen ýüzlendik.
Dowamy bar.