ylham_gurbanaly
31.07.2022 02:02
Göreşmediň.
Şeýdibem söýgi soňlandy,
Gam ogşadyp göreçlere.
Güýzler sary gussasyny,
Ýaprak edip gaçyrdylar.
Bagtymyň guşy öýdenim,
Bilmän galdym uçurdygym.
Gyşlar sowuk tygy bilen,
Gursagyma saldy talaň.
Ara aýralyk düşensoň,
Habarsyz galdym halyňdan.
Öwrüm saldy ýollarmyza
“Görüşmesin!” diýip pelek.
Özümi aldadym ýördüm:
“Söýen ýene söýüp biler!”
diýip,men söýgi gözledim,
(Tapdyrmy öň tapylmadyk?!)
Gursagymda gussa bilen,
Umyt galdy ýapylmadyk.
Sen hakdaky ýatlamalar,
Kän bildirdi barlygyny.
Ýitirip göz ýetirdim men
Sensiz dünýäň darlygyna...
Sen maňa wada berdiň-de,
Neçüýn yzynda durmadyň?!
Garaşmadyň,
göreşmediň...
Menem duýduryp durmadym.
Ýa ýadyňdan çykypdymy,
Eý, meň bagtymdyr öýdenim?!
Dünýe deý beýik söýgini,
Soňlap bo:r eken beýdibem...



***
Soňy.
9
54
Myhman Myhman
2 Awgust 2022
Goshgularyñyz gaty gowy minnetdar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.