sahet_ashyrov
20.02.2020 08:53
"Maña - seniñ gözleriñden gitme ýok..."

Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow.
6
839
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
goşgynyñ yzy şahyr diýip başlaya.Men hemme setirini yazardym ýöne,bolanok eken uzyn goş gy bolany üçin, 18 setir. GÖZELLIGI SOR, BAGRYÑA, ÖÝKENIÑE SÖÝÜLSEÑ SÖÝ , SÖÝÜLMESEÑ SÜÝKENME SÖÝGI HEM GOŞGODYR KIŞÄ ÖÝKENME, ÖZ MÖHRIÑI, ÖZ KÖZIÑI GOÝUP GIT. ÝEN BIR SÖZ MAGTANMAK DÄL, ÖWÜT DÄL MAZARYMA DAŞ OTURTMAK SARGYT DÄL, MELE ÝERIÑ ASTYNDA-DA DAŞ GYT DÄL BAKYLYK ŞOL ŞOL DAŞLARA SIÑIP GIT... yzy bar
Myhman Myhman
21 Fewral 2020
????
Mahrishka
21 Fewral 2020
govy goshgy??
Muhammetemin
21 Fewral 2020
+1 ????
Myhman Myhman
20 Fewral 2020
Şahyr! şahyrlygyñ çyn bolyan bolsa,

Şahyr! şahyrlygyñ çyn bolyan bolsa, sönüp,ýanyp,yene sönüp,yanyp git.ynsanlyk ýazgydyñ çuñ bolýan bolsa, gara ýere çümüp çykyp çümųp git .Hem akyl ber, hem iliñdenakyl al,kitapdan däl , gara yerden nakyl al.Alan zadyň demiñ bilen yakyp al,soñ yenede yeriñ süýün emip git.Ýol agyrdyr müñ ýanylar öçüler,agtly yollar kymlyk bilen UK
gulshatayewa97
20 Fewral 2020
Soňky topuny has gowy görýän?
Fatima
20 Fewral 2020
Menin gowy goryan goshgym? Sagbolun paylasanynyz ucin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.