Bu nähili söýgi bolýar, aýralykda gezmeli?!
Ýadymdan çyk adyň bilen, oduň bilen örteme!
Bu nähili ýagmyr bolýar, ýeke meni ezmeli?!
Gözüme ýagýan ýagyşlaň kalba siňşin görsene!
Geçen günleň ýatlamasyn undup bolmaz, nädeýin,
Sen hem çykyp bilmeýärsiň ýüregimden, serimden.
Men ikinji Mejnun ýaly, döwrüň Perhady deýin,
Örtenmekden özge, näme, zat gelýärmi elimden?!
Ýürek sende, serim sende, bölek-bölek ýaşaýan,
Aşyk bolup tagam aldym yşkyň zagarasyndan.
Meň melhemim kime mälim, kime armanym aýan?!
Söýen serim hoş bolupdyr köňlüň dabarasyndan.
Söýgim syrdy, ganat açdy, ýetdi arşyň boýuna,
Aýan bolan aýbym üçin aýyplamaň siz meni.
Men barybir düşünmedim, düşünmedim bu oýna,
Bu nähili söýgi bolýar, aýralykda gezmeli?!
✏Seýitmyrat GELDIÝEW