Ovezova_
30.07.2022 13:37
Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.
12
126
Ovezova_
30 Iýul 2022
Guli_,bolly so😁
guli_
30 Iýul 2022
Ovezova_,Gezip yorler oza😁
Ovezova_
30 Iýul 2022
Guli_,gowydyrlay)

Senkiler nahili
guli_
30 Iýul 2022
Ovezova_,Gowydami obshy semya
Ovezova_
30 Iýul 2022
Guli_,heh borda😒🤦🏻‍♀️
guli_
30 Iýul 2022
Ovezova_,bolyaka beh gatan bolp😒
Ovezova_
30 Iýul 2022
Guli_,muny borda😒🤦🏻‍♀️
guli_
30 Iýul 2022
Ovezova_,inni gorduma🤦😁
Ovezova_
30 Iýul 2022
Guli_,öň yokdymy😒
guli_
30 Iýul 2022
Ovezova_,ofical berlipdira sana bloger inni goryana 😁😁😁😁😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.