ylham_gurbanaly
30.07.2022 00:44
Gyşam bosagadan jyklaýar ýene...
Onuň gelmegi-de adaty ahwal
Emma, aýralykdan sowan ýüregme
Wagtyndan öň gelen bolmagy ahmal

Eýeläpdir bütin bedeni aňzak,
Söýgüň şuwwuldysam ýüregmi gyýýar
Azajyk nur bolsa boljagam welin,
Tümlükde sowuklar has beter bolýar

Dolan,
güneş nurun saç Mähribanym!
Gyş bilen birlikde ulaltma tüni
Bu sowuklar asla kär ede bilmez
Söýgiň, mähriň bilen ýylatsaň meni...


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
8
64
ylham_gurbanaly
4 Awgust 2022
Myhman Myhman, salam. Ýok, ýöne ýazýan. Şahyr däl.
Myhman Myhman
2 Awgust 2022
Siz shahyrmy ?!
Poet
30 Iýul 2022
Tebigy hadysalar bilen adamyň inçe duýgusy düşündirilipdir. Meniňem köplenç ulanýan usulum. Goşgy gowy bolupdyr. 👍👏👏
ay_kiz_
30 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.