ylham_gurbanaly
30.07.2022 00:37
Garaşmandym...
Birden arşa ýol aldyň
Bolanlary öwüripdiň düýşüme
Gitdim.
Barmakçydym yzyňdan, emma
Ejiz geldim grawitasýa güýjüne
Neneň tapdyň ebýetini uçmagyň?
Deň gelmedi hasabyma, duýşuma
Arzuw, umytlarym köplük etdimi?
Agyr boldy, başartmandy güýjüme

Şondan soňra ähli zady azaltdym
Umytlaram, arzuwlaram düwünçek
Ýitenleri, ýitgileri bilme sen!
Eşden bende, gözün ýaşlap, düwünjek

Aýa garşy bakyp, arzymy aýtsam
Aýyň duýan arzuwlarmy duýmazmyň?!
Duýdansyz gidipdiň...
Ýene duýdansyz
Ýyldyz dälde,
bagtym bolup süýnmezmiň?!


Ylham GURBANALYÝEW
8
43
Lilia_
30 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.