awesome
29.07.2022 15:56
Dostoýewskiý we psihologiýa

Dostoýewskiniñ adyny eşitmedik ýok. Emma ony hakykatdanam tanaýarysmyka? Ýa-da näçe adam onuñ kitaplaryny eline alyp okap gördükä? Freýd psihoanalitikanyñ düýbüni tutujydy, emma şolam "Nirä giden bolsam, menden öñ şol ýere giden şahyr gördüm" diýipdir. Ýazyjy-şahyrlar añüstüniñ ýerasty dünýäsine lukmanlardan, hukukçylardan, psihopatlardan has çuñ görnüşde aralaşapdylar. Stefan Sfeýg bolsa "Dostoýewskiý psihologlaryñ psihologydyr..." diýip, oña psihologiýa ugrunda aýratyn orun berýär. Nämüçinmi?
Meselem... Stanford tussaghanasy tejribesini ýatlalyñ. Ýönekeý adamlary gözegçi we tussag diýip ikä bölüp, emeli türmä ýerleşdiripdirler. Eýse soñra näme bolandyr öýdýäñiz? Gözegçiler özlerini oýnaýan roluna aşa aldyryp, şeýle sadist, haramzada adamlara öwrülipdi.
A birmahal Dostoýewskiý näme diýipdi?
“Dünýäniñ iñ gereksiz, iñ ýaramaz adamyny alyp, kassir ediñ. Özüni kimdir öýdüp, şobada sizi äsgermän başlar.” Başga bir synaga ser salalyñ...
Siziñ pikiriñizçe adam iñ köp ýalany kime sözleýär? Söýgülisinemi, ejesine? Ýa dostlarynamy? Ýok. Özüne... Psihologlar muny 1959-njy ýylda geçiren kognitiw (познавательный) synagynda anyklapdyrlar.
Çykan netijede adamlaryñ öz añyny manipulirleýändigi, mese-mälim hakykaty öz peýdasyna görä düşündirip üýtgedibilýändigi ýüze çykaryldy.
Eýsem bu synagdan tegelek ýetmiş dokuz ýyl öñ Dostoýewskiý "Doganlar Karamazowlarda" näme ýazypdy: "Esasy zat, adamyñ öz-özüne ýalan sözlemezligi. Özüne ýalan sözläp, sözlän ýalanyna ynanan kişi öz içindäki we töweregindäki hakykatlaty tanamazlyga, munuñ netijesinde-de özüne we daş-töweregindäkilere hormat goýman başlaýar. Özüne ýalan sözleýän kişi hemmelerden çalt öýkeläp bilýär.”
Eýse bu aýdylýanlar psihologlaryñ psihology üçin adaty zatmydy? Ýok. Düýbünden beýle däldi. Muny onuñ özü-de aýdypdy:
“Meniñ şahsyýetim hemişe pessimistik, näsag we heýjanly boldy” diýip. Meselem, ol ölemen humarhondy. Onda-sa nähili… Kitaplarynyñ köpüsini humar oýnap eden bergilerini üzmek üçin ýazypdy. Freýd onuñ humara bolan garaşlylygyny “çäkden aşan islegiñ krizisi” diýip düşündirip, Dostoýewskiniñ dowamly humar oýnap öz-özüni jezalandyrandygyny öñe sürüpdi. Ýagny oýnan humarynda keýp däl-de, güýçli ýykgynçylykly instinkt bardy. Edil mazohistler ýaly.
Dostoýewskini okaman bu dünýäden geçip gitmek, adamyñ öz durmuşyna edip biljek iñ uly ýamanlygydyr...

Murat ALPAÝ.
10
95
Myhman Myhman
1 Awgust 2022
Aly Şirhan : salam, men romanlar şasy hasaplaýan dostoýewskiniň 'идиот' 'jenaýat we jeza' ' humarbaz' ' gülküli adamyň düýşi' 'aýdyň gijeler' ' biçäreler' romanlaryny okamagyňyzy maslahat berýän! ...aýdylyşy ýaly ony okaman geçmek özüňize iň uly ýamanlyk!..
Poet
29 Iýul 2022
Okadym 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.