Koronowirusa garşy sakgyç döredildi
Rezin sakgyç bilen synag geçirilende agyz boşlugynda Omikron we Delta ştammynyň wiruslarynyň mukdarynyň 95 göterime çenli azalandygy mäim boldy.
Britaniýaly alymlar sakgyjyň synag görnüşini döretdiler. Barlag netijelerine görä, sakgyç koronowirusyň mikroblarynyň mukdaryny, şol sanda, agyz boşlugyndaky tüýkülikde Omikron ştammyny peseldýär, diýip, Reuters agentligi ýazýar.
Alymlar Delta we Omikron wirusy ýokuşan näsagyň tüýküliginden peýdalandylar. Netijede, wiruslaryň işjeňligi sakgyç çeýnelenden soň 95 göterime çenli kemeldi.
Habar berlişi ýaly, ýakynda başlanmagyna garaşylýan kliniki synag döwründe koronowirus bilen näsaglan adam şeýle sakgyçdan dört günüň dowamynda dördüsini çeýnemeli.