ay_kiz_
29.07.2022 13:08
Aň hem Ýürek

Haýran men—Aň hem Ýürege,
Gelsek-de bile ýaşaşyp.
...Basdaş olar bir-birege,
Bilmeýärler ylalaşyp...

Käte, ýok zatlar barada,
Ýerli-ýerden dawa salýar.
Maňa kyn—iki arada,
Bolýar, diňe maňa bolýar.

Bilmen, kime ynanjagmy,
Ikisi-de gaty ýeser.
...Birisi—böwrüme sanjy,
Biri—başyma derdeser!

Ýürek urup gürs-gürs,
Diýýär „Meňki dürs,dürs!”


Olary göterdim ýördüm,
Apalap, gursakda-serde.
Olar bolsa, meni kör dek,
Idip ýörler islän ýerne...

Alajym ýok, tapamok tär,
Şeýdip, edip ýörün mydar.
Bilmedim, haýsy hyzmatkär?
Bilmedim, haýsy hökümdar?

Aň hem etjek düňle meni,
Diýýär „Diňle, diňle meni!”

Ýoldaş haýsy—menzillerde?
Haýsysy meni terk etjek?
Sal haýsy—durmuş deňzinde?
Haýsysy meni gark etjek?



Ikisiniň sazlaşygy,
Häzir juda gerek maňa.
...Aň derdimi aňlaşsady,
Düşünsedi Ýürek maňa...
11
54
perizadym
29 Iýul 2022
👍👏...Añ derdimi añlaşsady, düşünsedi ýürek maña...🍃
guli_
29 Iýul 2022
👍👍👍👍🤍
ylham_1989
29 Iýul 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Relax
29 Iýul 2022
👍👏.......
Leýla💔
29 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍💓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.