ay_kiz_
29.07.2022 13:01

Ýürekdeş dostluk hakda

…Isle, men baraýyn, hala bize gel,
Bir keýpine, iki-agyz söze gel…
…Diýmeris biz “Indi, kimiň gezegi?„
Maňa tapawudy…
Saňa parhy ýok…

“Dost—dostuň aýnasy„ – ähli zat äşgär!
Bular uzagyndan bolsady, käşgä…
…Wah, bizde dostam ýok, dörtläp ýa bäşläp—
Maňa tapawudy…
Saňa parhy ýok…

Sen meni sylaýaň, men sarpa goýýan,
Sen muny aňýansyň, men muny duýýan…
…Bilmeýänler bize “Doganmy?„ diýýär—
Maňa tapawudy…
Saňa parhy ýok…

Biri bize bir bütewi bagt goýsa,
“Haýsyň alsaň, alaý!” diýip, nagt goýsa…
…Biz ony des-deňje böleris, eýsem—
Maňa tapawudy…
Saňa parhy ýok…

Bilip bolmaz, bir gün bütin dert berse,
“Siz nätseňiz-şeýdiň!” diýip, pert berse…
…Ýaryn men alaryn, ýarysyny sen—
Maňa tapawudy…
Saňa parhy ýok…

Şunça ýaşap, göz ýetirdik bir zada,
Dostlukda kanun ýok, bar gowy kada.
…Gerekmi?! Urarys suwa hem oda—
Maňa tapawudy!
Saňa parhy ýok!
15
65
Papatya
29 Iýul 2022
Özüňi süýt saý, dostuňy gaýmak...
ylham_1989
29 Iýul 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Poet
29 Iýul 2022
Üýtgeşik ýazylypdyr 👏👏👏
Relax
29 Iýul 2022
👍👏👏👏.......
ay_kiz_
29 Iýul 2022
Leýla💔, 🥰 Myhman Myhman, minnetdar😊👍
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
Oraan gowy gosgy.👍
Leýla💔
29 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍💓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.