SÖZ, DIL HAKDA PÄHIMLER.
Ylym hem hünär başy dildir.
Bilimli adamy ýagşy tutup, onuň sözüni eşit, ylmyny we hünärini öwrenip, ony işe giriz, amal et.
Hernäçe sözleseň, bilip sözlegin,
Pessaý hem mylaýym kylyp sözlegin.
Akyl pynhan hazynadyr,
Dildir onuň açary.
Dil, sen dogrulyga etseň ygtyýar,
Dünýä halky bolar saňa dostyýar.
Aýdara zadyň bolmasa, dymawer, dilim!
Sözdür jümlä bent eden pikirlerimi men öz işlerim bilen azat etmäge borçludyryn.
Söz köp adama berilse-de, danalyk seýrek adamlara berilýändir.
Adamyň akyllysy dil öwrener.
Söz ___ adamyň iň güýçli ýaragydyr.
Ýürekde näme bolsa, dil şony diýer.
Dil baýlygy – il baýlygy
Söz ýürekden çyksa ýagşy.
Ylym öwrenýänler üçin kitap oňat çeşmedir. Ol nur saçýan göz hem şirin dil kysmydyr. Ylymdan nurlanan göz gapylmaz, ylymdan ýaraglanan dil sakynmaz.