perizadym
29.07.2022 00:14
Ýer ýüzüni buz tutsa-da,
Gün dogman geçmeýär gyşda.
Ýamanlañ sany artsa-da,
Gowularam bar durmuşda.

Ýaşaýyşda müñ kynçylyk,
Ynam-ýok, ýok-mümkinçilik.
Etmejek hiç müñkirçilik,
Gowularam bar durmuşda.

Enesini aglatmaýan,
Söýenini har etmeýän,
Ýamanlygy "kär" etmeýän,
Gowularam bar durmuşda.

Halal lebzi bilen gerçek,
Hormat edeniñe degjek,
Bergisin diýdirmän berjek,
Gowularam bar durmuşda.

Men-menlikden aýnamaýan,
Adam aldap, oýnamaýan,
Kalba mähir gaýmalaýan,
Gowularam bar durmuşda.

Sogaba galpyldap duran,
Nur ýüzi ýalpyldap duran,
Ýer şaryny pyrlap duran,
Gowularam bar durmuşda.

awtor : Şanazar Hydyrow
12
74
Myhman Myhman
6 Awgust 2022
Poet , hk

Poet , " kalba mahir gaymalayan " dogry.Manysy : Ozgelerin kalbyna mahir gaymalayan bolyar. Tersine " kalpda " diyyanin nadogry
Sayida
29 Iýul 2022
Gowular bar durmuşda..👍
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
Elbetde :) .
Poet
29 Iýul 2022
Şanazar Hydyrow 👍 "(Kalpda) mähir gaýmalaýan"...
unknown_12
29 Iýul 2022
Шолар себаплем дунямиз абат дур👍👍👍
Аннагелди
29 Iýul 2022
Oran manyly we gowy gosgy haladym 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.