ŞAÝYMOWA
28.07.2022 07:47
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol.

Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Göreçleriň görer görjek zadyny.

Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.

Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.

Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin hatary.
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,
Çözülen hem çözülmeli mataly.

Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
10
59
Myhman Myhman
10 Awgust 2022
Ozin duzip yazda
Myrataly
28 Iýul 2022
ŞAÝYMOWA,👍👍👍👍👍
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Myrataly,Спасибо и вам доброе🌞🌞

Melikee,jana minnetdar ☺️☺️😊😊
Myrataly
28 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍 Доброе утро
Melikee
28 Iýul 2022
Seňkem haýyrly bolsun, Arzuwkam.💙🌺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.