ŞAÝYMOWA
27.07.2022 23:34
Ýaponiýa däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýan ýurt. Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Her ýyl ýurduň ýaşulularyny hormatlamak üçin milli baýramçylyk “ýaşululara hormat güni” yglan edilýär.

Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak bolmaz.

Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Gyşyň gazaply sowugyna we köp mukdarda gar ýagýandygyna garamazdan, Ýaponiýadaky otlular hiç hili gijä galmaýar. Ýapon otlulary örän seýrek ýagdaýda sekunt bilen hasaplap boljak derejede gijä galýar.

Ýaponiýanyň Nara şäherinde köçede barýarkaň keýiklere duşmak bolýar. “Keýikleriň şäheri” diýlip atlandyrylýan Narada keýikler adamlardan hiç hili gorkmaýar. Bu ýerde keýige duşanyňyzda oňa haýsydyr bir iýilýän zat uzatsaňyz, olar gormak eliňizdäki zady iýýär.
13
114
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Myhman Myhman, hehe hawala erbedem bolmazdy😝😝
Myhman Myhman
28 Iýul 2022
Mlds....Arzuw....seni admin edaymeli ekena😁
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Archi, wi 🙄 bagyşlar ýaly zat ýok🤷‍♀️🤷‍♀️ gowy edýäň oňarýaň şeýtmeli👍👍👍👍
Archi
28 Iýul 2022
ŞAÝYMOWA, bagyşlarsyň Arzuw....erbet endik ýalňyş görsen aýtdyp geçýän😶düzeder ýaly😊😊😊
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Archi, hawa ýałňyşlyk bar eken . Tüweleme ünslije ekeniň👍👍👌
Archi
28 Iýul 2022
👍gyzykly post *aýtmak bolmaz diýipsiň "aýtman bolmaz deýjek midiň😶"
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Leýla💔,🌹🌹
Leýla💔
28 Iýul 2022
Wow👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
ŞAÝYMOWA
28 Iýul 2022
Alfons, minnetdar😇
Relax
27 Iýul 2022
Gyzykly👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.