Bedeniň gyzgyny ýokarlanmagy köp kesellerde duş gelýär.Bu alamat ysgynsyzlyk,ýürek bulanma,işdäniň peselmegi,gözleriň ýaşarmagy,burnuň dykylmagy,akmagy,myssalaryn,bogunlaryn,kellanin agyrmagy,asgyrma,üsgülewük ýaly alamatlar bilen utgaşanda dem alyş ýollarynyň burnuň,bokurdagyn,bronhlaryn nemli bardasynyn zeperlenmegi bilen geçýän ýiti respirator wirusly kesellerini güman etmek mümkündir. Ýiti respirator wirusly ýokançlaryň döredyän keselleriniň biri gripdir.Gripiň wirusy adam bedenine aralaşandan soň 1-3 günün(Kate birnäçe sagadyn)dowamynda keseliň görnüp duran alamatlary ýüze çykmayar.Kesel aglaba ýagdaýda duýdansyz başlanyar.Syrkaw birdenkä tapdan düşyär,gyzdyryp ugrayar.Bedeniň temperaturasy 39-40 gradusa,Käte şondan hem ýokary derejä ýetip bilýär.Näsagyň kellesi,bogunlary agyrýar,endamjany owranyp baryan yaly bolyar.Onuň üşütmegi mümkün. Bejergisi:Köpräk suwuklyk:itburun gaynatmasyny,miwe we gök önüm şirelerini,kompot,kisel,gatyk,limonlu,bally çay içmeli.Güýz-gyş aylarında has köp duş gelýän ýiti respirator wirusly keselleriň önüni almak ücin sport bilen meşgullanmaly bedenini taplamaly we iymitinde witaminlere,mineral maddalar baý önümleri yeterlik ulanmaly.Ellerimizi ýygydan-ýygydan sabunlar ýuwmaly.Burnuň nemli bardasyna oksalin mazyny çalmaly,pasla göra geýinmeli.