Meşhur we jedelli ýedi sowalyň sada jogaby
Aýna haýsy reňkde?
Gysga jogap: Ýaşyl.
Düşündiriş: Adamlar 10 milliondan gowrak dürli reňkleri tapawutlandyryp bilýärler, ýöne aýnanyň ak ýa-da kümüşsow däldigini göz öňüne getirmek kyn. Aýna ähli şekilleri göni ters tarapa serpikdirýär. Şu nukdaýnazardan aýnalary biri-birine garşy goýsak olar öz-özlerini serpikdirip başlarlar we her täze şöhlelenmede ýaşyl öwüşgine eýe bolarlar.
Beýnimiziň näçe göterimini ulanýarys?
Gysga jogap: 100%
Düşündiriş: Köp adamlar (Şol sanda Albert Eýnşteýn) adam beýnisiň diňe 10%-i işleýär, galan 90%-i ulanylmaýar diýlen ýalňyş pikiri makullaýarlar. Beýniniň 90%-niň hemişe işsiz diýen pikir oňa näçe energiýa sarp edýändigimize bilen baglydyr.
Faýllar kompýuterden öçürilenden soňra nirä gidýär?
Gysga jogap: Hiç ýere, olar henizem bar.
Düşündiriş: Faýly öçüreniňizde görkezijini gaty diskdäki täze salga ugradarsyňyz. Görkezijiler hakyky faýlyň saklanýan ýerini görkezýän maglumatlaryň aýratyn görnüşidir. Uly faýllar, köplenç, birnäçe ýerde saklanýar. Faýl açanyňyzda gaty disk maglumatlary görkezmek üçin görkezijä eýerýär. Faýl hiç wagt ýok bolmaýar. Ýöne gereginden artyk köp maglumatlary saklamak, olaryň hemişelik öçmegini kepillendirmeýär.
Gün şöhlesiniň agramy barmy?
Gysga jogap: Hawa
Düşündiriş: Fotonlardan düzülen Gün şöhlesi Ýere ýetmek üçin hökmany ekwiwalent massa eýe. Şonuň üçin kölege bilen örtülen meýdanyň agramy ýagtylyk bilen örtülen meýdanyňkydan az bolýar. Bir günde çykýan Gün şöhlesiniň takmynan agramy 3,699*1 kg bolar.
Älemiň merkezi nirede?
Gysga jogap : Hemme ýerde
Düşündiriş: Älem, takmynan, 13,7 milliard ýyl ozal uly partlamadan başlady we şondan bäri giňäp gelýär. Bu giňelişiň merkezi hemme ýerde. Älemiň nirede ýerleşýändigine garamazdan, hemme zadyň şol bir tizlikde giňelýändigini ýa-da daşlaşýandygyny duýmak mümkin. Älemi şar hökmünde göz öňüne getirip, özümizi sferik şarda köp nokatlaryň biri hökmünde göz öňüne getirsek, Şar ulaldygyça beýleki nokatlar hem bizden daşlaşar. Aslynda, her nokat bir-birinden şol bir tizlikde daşlaşýar. Haýsy nokady görkezýändigiňize garamazdan, giňelýän topuň merkezinde ýaly görünersiňiz. Şol bir zat üç ölçegli giňişlikde bolup geçýär.
Haýsy birinji emele geldi – towuk ýa-da ýumurtga?
Gysga jogap: Ýumurtga
Düşündiriş: Häzirki zaman biologlary ýumurtganyň towukdan öň ýüze çykandygyny nygtaýarlar. Ilki-ilkiler bu sorag filosofiýa ugruna degişli hasap edilýärdi. Ylmy tarapdan çemeleşeniňde bu soragyň ähmiýeti beýle uly hem däl. Hawa, ilkibaşda ýumurta döredi, ýöne ol ýumurtgalardan towuk jüýjesi däl-de dinozawrlar çykypdy.
Ýerdäki ähli adam bir wagtyň özüne ýokaryk bökse näme bolar?
Gysga jogap: Hiç zat
Düşündiriş: Ýer ýüzünde 7,5 milliarddan gowrak adam ýaşaýar. Bu adamzadyň umumy massasynyň takmynan 450 million tonna bolup biljekdigini aňladýar. Şeýle-de bolsa, Ýeriň umumy massasy takmynan 6 sekstillion, ýagny 6 000 000 000 000 0000 000 000 000 tonna. Görnüşi ýaly Ýeriň agramyndan ähli adamlaryň agramynyň göterimi takmynan 0.000000000000001%, ýagny nola deňdir. Hemmämiz bir ýere ýygnanyp, şol bir wagtyň özünde 30 sm beýiklige böksek, Ýeri takmynan 0,25 nanometr öňe süreris. Bu üýtgeşiklik düýbünden duýulmaz we derrew Ýer kadaly ýagdaýa geler.