barlagcy
27.07.2022 14:51
Çäksiz uly şatlyk dolduryp kalby,
Ähli gaýgy-aladany öçürdi.
Bir gyz ony tassyklady buýruksyz,
(Edaly ýylgyryp), hatsyz-möhürsiz.

Diýmek, men hiç kimden ogurlamadym,
Men bu kalbymdaky baýramçylygy.
Şol sebäpli, ýokuş degýär kä kişiň,
Hemme zada müňkür bolmak gyzygy.

Men äpet adam däl, emma ýüregim,
Bütin dünýäň giňligine barabar.
Ýöne, ýer ýok onda ogurlyk zada,
Ogurlyk zat sadaka-da ýaramaz.

Ýagşyny göremde, göwnüm açylýar,
Giňäp gidýär arzuwlarmyň örüsi.
Begendirýär meni, akylly gyzyň,
Gözelligi tämiz saklap ýörüşi.

Ýüreklde ýer goýmaň bolgusyz zada,
Ýaman zatdyr müňkür bolmak gylygy.
Hiç kimiň bagtyndan ogurlaman men, Kalbymdaky beýik baýramçylygy.

Çary Ýegenmyradow
16
127
gulshatayewa97
27 Iýul 2022
Ýürekden ýer goýmaň bolgusyz zada🌺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.