ylham_gurbanaly
27.07.2022 12:28
Dünýäň ähli zadam jemlenen eken,
Gül goýnuňda, gujagyňda, ýanyňda
Dünýäň ähli zadam girdenek eken,
(Hemişe duýýadym, ýene-de duýdum)
Şu gün agşam näsag bolan çagyňda

Üýşüp geler duýgularam her ýandan,
Beden içre yza berer sanjylyp
Ýok bolar - yzgiderligi ýaşaýşyň,
Hem üzüler üzülmejek zynjyry.

Günler geçer öňkilere tirkeşip,
Çarhypelek çarhyn asla saklamaz.
Bütin ömür aladaňy etsemde,
Birje gije ýatmanyňy haklamaz.

Bagt dört harpa däl-de, üçe jemlenen
Ynsan bagtly ejesiniň ýanynda.
...Dünýäň ähli zadam biderek eken,
Şu gün agşam näsag bolan çagyňda


Ylham GURBANALYÝEW
21
198
ylham_gurbanaly
29 Iýul 2022
Poet, minnetdar. Muny bilmek has-da ýakymly.
Poet
29 Iýul 2022
Hakyky duýgy bilen ýazylan setirler adama hökman täsirini ýetirýär... 👏👏👏
gulshatayewa97
27 Iýul 2022
Dünýäň ähli zadam biderek eken...
Papatya
27 Iýul 2022
Bagt dört harpa däl-de, üçe jemlenen👍
guli_
27 Iýul 2022
❤️❤️❤️🤍Eje
ylham_gurbanaly
27 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤, minnetdar. Amin. Insha'Alla Hemmämizkäm şeýle bolsun
jemal_seyitniyazowa
27 Iýul 2022
😔😔😔❤....
❤GÜLHANYYM❤
27 Iýul 2022
Dogry👌.Uzak ömürde perzentlerine buýsanyp ýaşamak nesip etsin INSHALLAH.
ylham_gurbanaly
27 Iýul 2022
Serwi, aha bolýa.
ylham_gurbanaly
27 Iýul 2022
Serwi, siz haýsynda? Şükür erbet däl.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.