Sayida
27.07.2022 11:51
Duralgadan ugran awtobus şäheriñ giñ köçesinden ýöräp başlady. Awtobusyñ içi onçakly dyklyşyk bolmasa da oturmaga ýer ýokdy. Ýaş oglan gyzlar dik durup barýardylar. Meniñ ýapyşyp gelýan oturgujymda hem 10-12 ýaşlarynda gulpaklyja gyzjagaz otyrdy.
Indiki duralga gelip awtobus saklananda düşjekler düşüp, münjeklerem mündi. Awtobusyñ içiniñ adamy has kopelen ýaly boldy. Münenleriñ arasynda ýaşuly zenan hem bar eken. Oturmaga ýeriñ ýokdugyny görüp ol hem dik durup gidip barya. Men ýañky oturyp gelýän gyzjagaza egilip:
- Jigimjan, daýza ýeriñi berdä - diýdim. Bu sozümden soñ gyzjagaz ýerinden turmaga derek, şeyle jogap berdi:
- Men ilki gelip oturdyma?!
-Hawa şeyle, ýöne daýza dik durup gitse ýadar-da!
-Ejem maña ýeriñi hiç kime beräýme diýdi.
Diñe şundan soñ gyzyñ ejesiniñ gapdalky oturgyçda maña alarylyp seredip gelýändigini görüp galdym. - Şeýlemi asyl...
Men gyza şundan soñ hiç zat diymedim. Ýone zordan saklanyp gelýän garry daýza welin ýüregim awady. Oturgyçlaryñ birinde aýy güni dolana meñzeýän göwreli gelin hem oturyp gelýardi. Gelin daýza ýüzlenip:
- Geçiñ, daýza meniñ ýerimde oturaýyñ! diýdi.
Daýza ýylgyryp, - Oturyber gelin, senden on esse saglar oturyp gelýäkä ýeriñi berjek bolma.
Daýzañ şu sozünden soñ gyzjagazyñ ejesi utanyp gyzyny turuzar öýtdüm. Ýook, gaýta öñküsindenem beter hyýrsyzlanyp otyr.
Awtobus nobatdaky duralga gelip ýetende adamlaryñ köpüsi düşdi. Garry daýza hem oturmana ýer boldy. Münenler bilen ýene de oturgyçlar doldy. Eli ullakan sumkaly zenana ýer galmady. Garaýagyzdan daýaw aýal daşarynyñ yssysynda agyr goşy bilen ýadan bolmaga çemeli, derläpdirem. Ol gelşine gödeklik bilen hälki gyzjagazyñ golundan çekip turuzdy-da ýerine özi geçip oturdy. Gyzjagaz hamsygyp " Ejee" diyip ejesiniñ ýanyna ýöredi. Hm, gyzyñ ejesi ýöne oturarmy?! Täze gelen aýala azgyrylyp başlady
-Gyýw, aýal dogan, meñ gyzymyñ ýerine geçip oturywerdiñle! Näme bu çagañ hossary ýokdur öýdýäñmi?.. Aýal kem galmady
- Çagañ özünden bilip etmedik işini men edip beräýin diýdim. Hossary bolsañ öwretmeli ekeniñ çagaña ululara ýer bermelidigini!
- Çagama nähili terbiýe bermelidigini senden soraman. Ula ýer bermeli diýip çagam rahat oturyp gitmeli dälmi?! Siz ýaly dik durup ýapyşyp gidip bilenoga bu!
-Beýle rahat gidesiñiz gelýän bolsa, taksä münäýmeli ekeniñ. Ýa gyzyñy oturdyp özüñ dik durup gidäý. Hm, bolduñyz meñ başyma rahatlyk isleýän..
Şundan soñ hiç kimden ses çykmady. Menä içimden şol garaýagyz aýaly goldadym. Beýleki adamlar hem gygyryşýanlary görmedik, eşitmedik kişin bolup gelýänem bolsa, bu aýaly goldandyrlar diýip pikir edýän. Ine de meniñ düşmeli duralgama geldik...
10
120
gulshatayewa97
27 Iýul 2022
Soňky aýal dogry edipdir çagaňy sypaýçylyk bn terbiýelemeseň il gödeklik bn terbiýelär👏
Myhman Myhman
27 Iýul 2022
Tuweleme 👍👍👍👍
Sayida
27 Iýul 2022
Myhman Myhman, hekaya dalle, yone bir guymenje. Komekçi boluminde duşundirya nahili girmelidigini. Men dusundirip bilmaymesem. Iceri gir diyene girip şol ýerde ulanyjy adyñy hemem gizlin parolyñy yazaymaly

Shamko,Leýla💔,MissBoss♕,Myrataly, kop kop minnetdar👍
Myhman Myhman
27 Iýul 2022
Gaty gowy, hakayalar ýazyanam bolsam, sizden öwrenmeli ekenim. ...sag boluň!..

Haýyş, registrasiya edip bilman dur nädip agza bolmalydygyny öwredäýiň...
Myrataly
27 Iýul 2022
Sayida,dowam
MissBoss♕
27 Iýul 2022
Sayida,haladym dowam❤️
Leýla💔
27 Iýul 2022
Wow👍👍👍👍👍👍
Sayida
27 Iýul 2022
Oz başymdan geçen wakany kiçijik ýazyjylyk ukybym bilen timarlap size ýetiräýin diýdim. Wagtyñyzy giderip okanyñyza degse azabymyñ ýerine düşdügi bolar.😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.