Lezzetli güýmenje pikirleri
Wagtyňyzy gyzykly geçirmek üçin birnäçe gyzykly güýmenjeler bar. Siziň üçin peýdaly boljak güýmenjeleri bir ýere jemledik!
Täze dil öwrenmek
Daşary ýurt diliniň näderejede zerurdygyny aýtmak zerur däl bolsa gerek. Italýan, fransuz, ispan ýa-da rus dili, tapawudy ýok, haýsy dili saýlajagyňyz öz eliňizde.
Ekzotik naharlary taýýarlamak
Eger-de nahar bişirmek siziň halaýan zadyňyz bolsa, onda näme üçin reseptleriňize öň taýýarlap görmedik tagamlaryňyzy goşmaýarsyňyz? Dürli tagamlary bişirmek üçin häzirki wagtda ençeme kitaplar bar. Bu kitaplardan dünýä aşhanalarynyň ajaýyp tagamlaryna hem ýetip bilersiňiz. Ýöne kitap dükanyna gitmäge ýaltanýan bolsaňyz, aşhanaňyzda öň taýýarlap görmedik tagamlaryňyzy synap görmek nähili bolar?
Saz guralyny çalmak
Aýdym-saz diňlemegi halaýan bolsaňyz, ýöne öň haýsydyr bir saz guralyny çalmak mümkinçiligiňiz bolmadyk bolsa, bu mümkinçiligi durmuşa geçirmegiň wagty geldi! Çalmak üçin saýlawyňyz köp, mysal üçin: gitara, pianino, garmonika, skripka, deprek we ş.m. Elbetde, sizi iň gyzyklandyrýan birini saýlaň. Saz çalmagy öwreneniňizden soňra, aýdym aýtmaklyga synanşyň. Çünki aýdym aýtmak alsgeýmer keseliniň öňüni alýar.
Surat çekiň
Surat çekmek ajaýyp sungatdyr. Aklyňyza ilkinji gelen zady surata geçirip bilersiňiz. Eger surat çekmek endigiňiz ýok bolsa, surat çekýänleriň çeken suratlaryny synlap, olardan ylham alyp bilersiňiz. Hiç haçan «Men başarmaryn» diýmäň!
Bagbançylyk bilen meşgullanyň
Bagbançylyk fiziki taýdan peýdaly güýmenjeleriň biri. Kiçijik ýerlerde, hatda balkonda-da bagbançylyk bilen aňsatlyk bilen iş salyşyp bilersiňiz. Suw ösümliklerini, gülleri, miweleri ýa-da gök önümleri ösdürip, organiki iýmitler bilen sagdyn iýmitlendirip bilersiňiz. Howlyňyzda ýa-da balkonyňyzda ýakymly organiki iýmitleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýeriňiz bar bolsa, onda işe girişmegiň wagty geldi!
Siz boş wagtyňyzy ýakymly we täsirli geçirmek üçin haýsyny saýlardyňyz?