ylham_1989
26.07.2022 22:09
Öýkelemegi nädip bes etmeli?



Ynsanyň duýgy häsiýetleriniň biri-de öýkedir. Aslynda, öýke – bu göwnüçökgünlikdir.

Öýkelemek, esasan hem çagalara mahsus bolup, ol uly ýaşdakylara gelişmeýän häsiýetdir. Emma nähili bolanda-da, durmuşda öýke duýgusy her birimiziň içki dünýämizi gurşap alýar. Öýkäniň esasy maksady töweregiňdäkileriň ünsüni özüňe çekmek bilen olaryň garaýşyny, pikirini üýtgetmek. Çaga öýkesi bilen ulularyň öýkesiniň arasynda uly tapawut bar. Muny her birimiz bilýän bolsak gerek. Ýöne adam ulaldygyça, öýkäniň zerursyzdygyna göz ýetirip başlaýar. Öýkäniň soňunyň gahar-gazap bilen hem gutarýan pursatlary az däl. Gahar-gazap bolsa biziň durmuşymyzy “zäherleýär”, ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, mylaýymlyk ýitip, töweregiňdäkiler bilen aragatnaşyk peselýär. Aşa köp öýkelemeklik hem oňlanylmaýar. Bu ýagdaý töweregiňdäki ynsanlarda sen hakdaky gowy pikirleriň azalmagyna sebäp bolýar.

Öýkelemegi bes etmegiň ýa-da azaltmagyň 7 ýoly durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biler:

Özüňe bolan sylag-hormaty artdyrmak.
Daşarky dünýä bilen süýji gatnaşygy saklamak.
Adamlary bagyşlamagy öwrenmek.
Özüňize wagt aýyryň.
Pikiriňi içiňde saklamazlyk.
Ilki öz hereketiňi ölçerip görmek.
Özüňi şadyýan hem rahat alyp barmak.
Owadan hem asuda dünýämizde bize peşgeş berlen çäklije ömrümizi öýke bilen däl-de, diňe gowulyklar bilen bezemek her birimize nesip etsin!
11
170
Myhman Myhman
28 Iýul 2022
Oykelemanem bolanokda gaharyn gelya oykelemi bolya onnon
ylham_1989
27 Iýul 2022
Gülşat Ataýewa,Leýla💔,MissBoss♕,Papatya,Harika😇,Melikee,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
gulshatayewa97
27 Iýul 2022
Adam gowy gören adamsyndan öýkeleýä gaty görýä...
Leýla💔
27 Iýul 2022
Men Gaty oykelek
MissBoss♕
27 Iýul 2022
Esasanam gyzlar has oykelek bolyar🤭
Papatya
27 Iýul 2022
Hemmeden oýkelenilenok, gowy görýän adamlaryňdan öýkeleýäň...
ay_kiz_
26 Iýul 2022
Şu wagta çenli bes edip bilmändirin indem bolar öýdemmok🙈
Melikee
26 Iýul 2022
Meşhur häsiýetim - öýkelekligim.;)
ylham_1989
26 Iýul 2022
Dusia,👍🏻😊
Dusia
26 Iýul 2022
Ylham.1989, kän özä şolara gytçylyk ýok gowy maslahat 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.