❤GÜLHANYYM❤
26.07.2022 21:25
Syrly mukam🖊

Agşamky çagyrylan toýyndan mazalyja ýadan giñ eginli,saryýagyz,garamtyl mele saçlary gapdala daralan bagşy ýigit,ejesiniñ demläp beren gyzgynjak çaýyny howlukman başyna çekdi.Çaý şirin owazly ýigidiñ bokurdagyny ýylmap geçdi.

-Eje işleriñi  etmänede wagt tapylar,bile çaýlaly.Ýogsada kakam Atlary aýlawa goşmaga giden bolmaly,ýene-de gijä galdym-diýip,Mukam ejesiniñ käsesine çaý guýup uzatdy.

-Hawa,kakañam indä geler wagtam boldy.Tapdan düşüpdir,hereketlerem biraz haýallady.Her gün toý hakda özi gürrüñ açýar,özi-de goýýar.

Şol pursat saçlaryna ak giren,gözleri edil hüwiniñki ýaly tes-tegelek gözli,bürgüt burunly Orazmyrat aga gapydan girdi,oglyny görüp ýüzi ýagtylyp gitdi.

-Oglum bilenem oturyp ertirlik edinmek bar ekeni-diýip,saçak başyndaky ýörite özi üçin niýetlenen düşekçede oturdy.Ýadan beden üçin oturmak hem kyn düşdi.Orazmyrat aga gapdalyndaky ýassyga tirseklendi.

-Ir bilen turýan oglumyz bolansoñ,Atlary özüm aýlawa goşup geläýýän,her gün şeýle hereketler, öwrenşibem gidipdirin-diýip,degişme äheñde Mukama ýüzlendi.
Mukam kakasynyñ bolşuna nebsi agyrdy,öz bolşundan özi utandy.

-Kaka nesip bolsa saña ýetirmerin.Atlary özüm aýlawada çykararyn,iýmlärinem.

-Köp wagtdan bäri barmañsoñ atlaryñ seni tanarmyka?!Meleguşyñ indi özi maña çapuwa çykaly diýip yşarat etýär.Kä wagtlara ýaşlygymy ýatlap münesimem gelýär emma garran aýaklar diýen edenok.

Ataly ogluñ gürrüñlerini gapy  kakan myhman bozdy.Mukam gapa ýöneldi.Gapyda geýniwli görmegöý ýaş ýigit durdy.

-Salawmaleýkim bagşy aga!-diýip,myhman iki elini Mukama tarap uzatdy.

-Waleýkimessalam,geliñ öýe geçiñ-diýip,ýigidiñ ellerini berk gysdy-da hödür etdi.

-Ýok sagboluñ,öýe geçip durmaýyn,men bir haýyştlyja geldim...

-Diñleýän elimden gelenini gaýgyrmaryn.

-Men goñşy obadan.Indiki hepdede uludan toý tutýas,siziñ hem owazlaryñyzyñ biziñ toýumyzda ýañlanmagyny isleýäris.Daş ýoly ýakyn edip geldim,çakylygymyzy kabul edersiñizmi...

-Hawa elbetde,nesip bolsa bararyn.Toýlaryñyzam gutly bolsun.

-Sagboluñ,sizä begendirdiñiz-diýip,myhman ýylgyrdy-da ýene bir sapar bagşynyñ elini gysdy.

Mukam myhmany ugradanyndan soñ,daşarda goýlan oturgyçda oturyp gözel tebigat synlady.Gök dury asman,baglardaky ýaşajyk ýaşyl ýapraklar,mylaýymjak şemala başyny yraýan al-ýaşyl bolup oturan güller,ýigidiñ kalbynda täze bir ajaýyp sazyñ döremegine sebäp boldy.Mukam öz otagyna geçip täze sazyñ üstünde işlemäne durdy.

Günler maý bermän tiz geçýärdi.Bir gün öýde bolsa iki gün toýdady.Ine-de goñşy obadan gelen ýigidiñ çagyran toý güni ýetip geldi.Mukam  dosty Myratdurdy bilen ýola düşdüler.Myratdurdy hem belli sazandalaryñ biridi.Toýa gelen bagşydyr sazandalary gadyr bilen garşy alyp,törden orun berdiler.Toý naharyndan uzatdylar.Soñra Mukam dutaryny alyp kirişlerine ýuwaşlyk bilen kakyp başlady.Hemmeleriñ gulagyna ilen şirin owaz toýuñ ses üýn alyşdyrmaýan goh-galmagalyny aradan aýyrdy.Bagşynyñ daşynda adamlar tegelenşip oturdular.Ýer tapmadyklar bolsa dik durup diñlemänede kaýyldylar.Mukamyñ çalýan sazy edil jadyly ýaly hemme adamlary meýmiretdi.
Has aýratyn hem arkasyny tama ýaplap oturan akýagyz,şar gara saçlaryny boýnuna oran gyza täsirini ýetirdi.Zöhräniñ endamy tikenekledi,tutuş durky bilen gulaga öwrülip sazy diñläp doýmady  "-Men henize çenli munuñ ýaly şirin owaz eşitmändim.Megerem Mukam bagşy diýänleri bolsa gerek,yakyndan diñlesem diýip arzuw ederdim,arzuwumada ýetdim ýöne görmek ýok ekeni "-diýip,başyny aşak sallap içini gepletdi.Dutaryny gyrada goýanyndan soñ bolsa,hemmeler bagşynyñ öwgüsini ýetirdiler.Birnäçe aýdymlaryndan soñ bagşa dynç bermek isläp,märekäniñ arasyndan biri"-Hany indi Zöhre bagşymyza gezek bereliñ,çal-çal ýenede çal,diñläp diñläp doýamok"-diýen batly ses eşidildi.Hemmeler hem goldady.Zöhre utanyp garşylyk bildirsede,adamlaryñ sözleri Aý ýaly bolup oturan gyzy yrdy.Zöhre elleri bilen gapdalyndaky dutary sermedi.Gözleri görmeýän gyzyñ dadyna Jahan ýetişdi.Dutaryny eline gysdyrdy.Zöhre uludan demini aldy-da sülük deýin barmaklary bilen dutaryñ taryna emaý bilen kakmana başlady.Mähriban enesi üçin döreden sazyny çaldy,mylaýym sesi bilen aýdym aýtdy.Ynjan gyz bilen dutary hem bile aglady.Esli wagt dymyşlyk gurşap aldy.Ýaşaran gözlerini süpürenler hem boldy.Märekäniñ içinde daýawlugy bilen saýlanyp duran etli-ganly,dolmuş ýüzli,donuny egnine atynyp oturan ýaşuly gurçaw ak sakalyny sypalap"Tüweleme,tüweleme,Durdynyñ guwanyp görmeli günleridä.Heý dünýe,dünýe-diýip,gara telpekli kellesini iki ýana ýaýkady.Zöhre gyzyñ owazyna maýyl bolup,täsirinden esli wagt çykyp bilmedik  Mukam dostunyñ böwrüne dürtdi:
-Biz  bagşy diýip geldik,asyl bagşy bärde ekenä.

Şagalañda tans sazlary ýañlandy,hemmeler tansa çykdy. Juwan oglanlar,gyzlar tans oýnadylar,ýaşym gidişdi diýip hem gartaşanlar seredip durmadylar,toýuñ şowhunyny hasda artdyrdylar.
Şol pursat Zöhräniñ başyndan geçiren duýgusy diýip aýdar ýaly bolmady öz özüne käýedi"Şu bolşum bilen toýa gaýtmam nämä gerek?!Oturuberdä öñküleriñ ýaly gamly ýüregiñi diñläp"näme etjegini bilmedi.Gözleriniñ görmeýänliginden kemsindi.Ýenede jorasy Jahan:

-Öýe gaýdaýaly meniñ hem keýpim ýok-diýip,hemmeler şatlykly oturka,gamgyn gyzyñ gollaryndan tutup toýdan çykyp gaýtdylar.


GÜLHANYM MUHAMMEDOWA🖊
10
121
❤GÜLHANYYM❤
29 Iýul 2022
Shamko,Salam!Şükür ALLAM saglyk,öz ýagdaýlaryñyz gowumy...?!Спасибо jigim)
Аннагелди
29 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
❤GÜLHANYYM❤
28 Iýul 2022
Perman.,hawa)
unknown_12
28 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,вагт гойберениме гынанамак гайтам говы горян задым шейле сораглар
❤GÜLHANYYM❤
28 Iýul 2022
Perman.,waheeeý,wagt gidireniñe degýär,bir zatlar öwrenseñ:)
unknown_12
28 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,2 3 сагат келле агыртдыма чозмане 😎
❤GÜLHANYYM❤
28 Iýul 2022
Perman.,siziñkem daş däl ekenä mlds👍
unknown_12
28 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,😊👍. Догры ишлапсин. Менем озимче бегенипдим чозениме😁
❤GÜLHANYYM❤
28 Iýul 2022
Perman.,şùkùr ALLAM saglyk.
🤔Men işläpdirinmi😁
unknown_12
28 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,говы худая шукур. Эйнштейнин сорагы ятдан чыканак хали😁👍

Говмы озин?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.