❤GÜLHANYYM❤
26.07.2022 20:54
Soñlanmadyk hat🖊

Tawus dessine ýerinden galdy.Umyt "Gelme"diýen manyda eli bilen yşarat etdip,soñra ýuwaşlyk bilen ysgynsyz halda öz otagyna girip gitdi.Şol pursat gapydan Güljahan gelneje geldi.

-Ejejan geläýdiñmi.

-Hawa gyzym,heý-de balasy näsaglanda ene arkaýyn oturyp bilermi.

-Binjalyk etmäýin diýip,habaram etmändim.Ertir nesip bolsa,goýberjekdiklerini aýtdylar.

Güljahan gelnejäniñ gapydan girip giden Umydy gördi-de:

-Heý dünýe,kimleri agladyp,kimleri güldürdiñ."Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar"diýlenidä.Çagalykdan ene-atanyñ mährinden ganmadyk oglandy.Tüweleme indi döwletli oglan boldy,durmuşyñ ýykan ýerinde özi galmany başardy.Ýöne gynanýan ýerim entägem maşgalasyz,baran gapysyndan kowulmajagam belli.Bir wagtlar salamyny almayan adamlar indi iki eplenip salam berýärler.Uly iliñ derdine derman berýär,alkyşlaryny alyar.Geljegi gowy bolsunda hernä...Bolýar gyzym,ine-de elinjek edip,nahar taýýarlap getirdim-diýip,torbasyndan gyzgyny gitmedik tamdyr çöregini hem-de,bişiren tagamlaryny çykardy.
Tawusy düşnüksiz duýgy gurşap aldy,Umyda nebsi agyryp,ýüregi ezildi.

Uzak gije Umyt ýygy-ýygydan Aýnajygyñ ýanyna bardy.Durmuşyñ kynçylygy bilen intäk tanyş bolmadyk,süýji ukuda ýatan gyzjagazyñ,kiçijek ellerini ýuwaşlyk bilen eline aldy-da,bagty hasaplan ynsanynyñ bagtlydygyna begendi,az wagtlyk gapdalynda otursada uzak günki ýadawlygy birdan aýrylyp gidene döndi.

Dañ atmanka guşlaryñ jürküldileri Tawusyñ göwnüni göterdi.Şol pursat el telefonyna
Döwletden jañ geldi.

-Tawus sag-aman örlediñizmi?!Gyzymyñ ýagdaýlary ýagşymy,gowy naharlanýarmy?!-diýip,howlukmaç ýagdaýda sorap,jogabyna garaşyp durdy.

-Hawa Döwlet,şükür dileglerimi boş goýmady.Nesip bolsa az wagtdan öýe göýberýärler.

-Bolýar,menem oba ýola düşdüm,ynjalmadym...

-Geljegiñi bilýärdim.Sag-aman gel-diýip,telefonyny goýdy.

Lukmanlara Tawus minnetdarlygyny bildirip,gyzjagazynyñ elinden tutup,gapa tarap ýöneldiler.Aýnajyk kiçijek kellesini yzyna öwürip Umyda elini galgatdy.Umyt myssa ýylgyrdy-da edil çaga ýaly sagbollaşdy.
Öýe gelenlerinde ýassygyna tirseklenip çaý içip oturan babasyny gören Aýnajyk ylgap baryp boýnuna bökdi.
Myrat aga agtyjagyny bagryna basyp,içini gyjyklady.Gyzjagaz muña jykyr-jykyr edip güldi.Ýañy hem gum-guhluk bolup duran öýi şatlyk gurşap aldy.Myrat aga bir süýjini alyp agtygyna uzatdy.Aýnajyk ony alyp gapdalynda oturan mähriban ejesine uzatdy.Çaý başynda hal ahwal soraşdylar.Tawus soñra nahar-şoruñ ugruna çykdy.Az wagtdan saçagyñ üstüni dürli naz-nygmatlardan doldurdy.

-Döwlet bilen habarlaşdyñmy gyzym,öýe çagyraýgyn,biziñem görmedigimize eslije wagt bolupdyr-diýip,Güljahan gelneje gyzyna ýüzlendi.

Tawus başyny atdy-da Döwlede jañ etmäne durdy.Jañy alynmady...Ýolda ýetip gelýändir diýip,oýlady.Gün ýaşdy.Döwlet gara bermedi.Wagt birçene bardy.Tawus gyzyny erteki aýdyp bereninden soñra Aýnajyk süýji uka gitdi,özi bolsa gözi ýolda Döwlete garaşdy.Ýary gije ýuwaşlyk bilen gapy kakyldy.Gelin howlukmaçlyk bilen gapyny açdy.Görse egin başy guma garylan,hat-da eşikleriniñ dyzlarynda tirseklerinde ýyrtylan ýerleri hem bardy.Tawus geñ galyjylyk bilen:

-Döwlet sag aman geldiñmi,janyñ sagmy,eşikleriñ...diýip,sözüni soñlamanka.

-Häzir hemmesini aýdyp berjek.

Döwlet ýuwunup artynýança Tawus ýoldaşyna çaý nahar taýýarlady.

Stoluñ başyna geçip Döwlet uludan demini aldyda bolan zatlara haýran galyp bir başyndan gelnine aýdyp berdi.

-Öýden gaýdyp obanyñ çetinden giremde ünsüm sowulyp öñki gaýtýan ýolumdan gaýtmadym.Ýöne şol ýoldan gaýdanym gowy bolupdyr,ýol garañkydy,bir uçudyñ deñinden geçip barýarkam "Badyñy haýýallat"diýilen ýaly boldy.Görsem uçudyñ gyrasynda ulag dur içindede bir adam.Haýal etmän kömege ylgadym ýeke özüme örän agyr düşdi.Her nämede bolsa ol adamyñ janyny halas etdim.Özünden gidipdi,el telefonyndan ýakyn hossarlaryna jañ etmäne durdum emma garyndaşlaryndan hiç kimi tapmadym.Bir az wagtdan özüne geldi,hemde "Hiç kime habar etme ýagdaýym gowy,ýaman bolaýandada aýdara adamym ýok"diýip,ýüzüni ýere saldady.Ol çagalykdan ýetim galypdyr.Soñra ulagyma mündürdim,ýolda barýarkak birden kiselerini barlamana durdy.Sermeýän zady eline elende bolsa rahatlandy.Gòzlän zadyny kisesinden çykardy.Meniñ ünsümi çeken bolsa üstünden ençeme ýyllar ötüp saralyp giden hat boldy.Zeper ýeten ýeri batmyka diýip haty eýlesine beýlesine öwürip barlady.Ony edil gözüniñ göreji ýaly edip saklapdyr.Ilki näçe özümi saklasamda bilesigelijiligim üstün çykdy.Ahyry ol hat barada soradym.Ol
:Meni şu güne ýetiren bir gyzyñ aýdan sözleri boldy.Bu-da şol gyza niýetlän soñlanmadyk hatym.

GÜLHANYM MUHAMMEDOWA🖊
9
84
guli_
26 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Bolly so🥰❤️
❤GÜLHANYYM❤
26 Iýul 2022
Guli_, şùkùr ALLAM saglyk;)
guli_
26 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Gowja sukr ozn naili ☺️
❤GÜLHANYYM❤
26 Iýul 2022
Guli_,Gülnar ýagşymy ýagdaýlaryñ🌹
guli_
26 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,Salam❤️🥰🥰🥰🥰👏👏👏👏
❤GÜLHANYYM❤
26 Iýul 2022
Ilki bilen hemmäñize ýalkymly SALAM.🤝Öwrenmeliniñ açylany,sizi görmek begendirdi...😊
Iki günlik ýalançy dünýäde adamlara ýürege degiji sözlere derek,bir az hoşamaý,mykahatly bolamaga çalş,aslyñ şeýle bolmasa hem.Hiç bir adama göwniýetmezçilik etmäñ,kimiñ nähili boljagyny zahmetiñ,ynam,yhlasyñ,ALLA görkezýär.Umudyny üzme,dyzda duran adam bolsa ellerinden ýokaryk çekmäne çalş başardygyñdan,egninden basma.Hemmeler hem deñ ynsan😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.