Sayida
26.07.2022 10:20
Mugallym şol günki sapakda okuwçylardan “Häzirki döwürde dünýäde ýedi täsinligiň näme bolup biljekdigi” barada pikirlerini ýazmagy tabşyrypdy. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýuwaş- ýuwaşdan kagyzda öz beýanyny tapmaga başlady, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy:

1.Beýik Hytaý diwary; 2.Täçmahal; 3.Rimdäki Kolizeý; 4.Perudaky Maçu-Pikçu; 5.Iordaniýanyň Petra şäheri; 6. Isa Mesihiň heýkeli; 7.Mekadaky Çiçen-Isa;

Emma mugallym okuwçylaryň kagyzlaryny ýygnaýarka, yzky setirde oturan gyzjagazyň heniz hem kagyzyny bermändigini gördi. Ýanyna baryp mähirli ýagdaýda: “Ýumuş bilen baglanşykly kynçylyk ýüz çykdymy?” diýip sorady. Gyzjagaz: “Hawa. Şeýle ajaýyp we täsin zat kän welin, arasynda haýsylaryny saýlajagymy bilemok” diýip jogap berdi. Mugallym gyzjagaza seredip: “Hany, aýt bakaly, seniň sanawyňda nämeler bar, belki biz hem saňa kömek ederis” diýip goldaw berdi. Gyzjagaz synpda ümsümlik aralaşandan soňra okamaga başlady: “Meniň pikirimçe, dünýäniň ýedi täsinligi şular: 1.Görmek; 2.Eşitmek; 3.Ellemek; 4.Duýmak; 5.Datmak; 6.Ýylgyrmak; we 7.Söýmek…”

Synpda dym-dyrslyk höküm sürdi. Gyzjagaz örän möhüm durmuş sapagyny beripdi: Şertli garaýyşlarymyz sebäpli, ýönekeý, adaty hasaplaýan we şonuň üçin-de gözden salýan zatlarymyz hakykatda hiç bir zat bilen deňäp bolmajak derejede täsindir.



Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA,
9
79
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.