Dusia
26.07.2022 08:22
       Bir adam güýç-kuwwatyň nämeden ybaratdygy hakynda köp oýlanypdyr. Muňa jogap tapmak üçin akyldaryň öýüne gelýär. Görse, akyldaryň öýi sadaja öý, birnäçe çagalar jagylda-jugul. Muňa bu adam geň galmak bilen seredýär. Şeýle hem bolsa güýç-kuwwat hakynda, hakyky güýjüň manysy hakynda soraýar.

Akyldar dana:

Güýç-kuwwaty özüňden gözle. Öz ýoluňy tap ýa-da atalaryň ýoluny tut.

      Ynha, bir adam kämillige ýetmek üçin gije gündiz türgenleşipdir. Şeýlelikde, ol beden güýjüne eýe bolupdyr.

      Kynçylyklaryň öňünde baş egmän, ol diňe öňe gitdi, özüni ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, ol ruhy güýje eýe boldy.

      Beýikleriň paýhasyny öwrenip, öz pikirini tapdy, şeýlelikde, ol paýhas güýjüne eýe boldy.

      Bir gözele aşyk bolup, oňa öz ýüregini açdy. Şeýlelikde, ol söýgiň güýjüne düşündi.

      Öýli-işikli, maşgalaly bolup, öz perzendini eline aldy. Şeýlelikde, ol ömrüniň güýjüne düşündi.

      Gojalyp tapdan düşen halatynda bolsa, ol öz ömrüne ahmyr çekmedi. Sebäbi hakyky güýjüň nämedigine düşündi...
17
147
guli_
27 Iýul 2022
Dusia,Beh ay bolyada gecayedir🤲🤍
Dusia
27 Iýul 2022
Guli_, salam, heniz habara etmedi maňa
guli_
27 Iýul 2022
Dusia,Salam Gulhandan habaryň bamy ikinjisinden gecdimika
Dusia
26 Iýul 2022
MRDV, gowy maslahat bereýin lukmana görüniň!

Men lukman däl!
H3MRX
26 Iýul 2022
Gaty gowy tymsal!
Dusia
26 Iýul 2022
MRDV, salam aý soraberiň, gowy zat sorasaňyz bolýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.