Archi
26.07.2022 04:37
Doglan gün


Men uýamdan SMS📩 aldym. "Dogan, seni doglan günüň bilen gutlaýaryn. Uzak ýaşa "-diýdipdir. Gaharym gelip, doganyma jaň 📞etdim.

"Uýamyz doganynyň doglan gününi hem bilmeýär eken" -diýdim.
- Ol meni gutlady we SMS iberdi. Oňa aýt men tomusda doguldym!

Agam biraz dymdy, soň jogap berdi:

- Uýamyz, doglan günüň gutly bolsun diýip maňada SMS iberdi.

- Näme? Ol saňa hem iberdimi? .. Näme üçin?

- Düşünmediňmi? - agam uludan demini aldy. - Aslynda, bugün seniň däl-de, uýamyzyň doglan güni!

Men hiç zat aýdyp bilmedim. Utançdan ýüzüm gyzardy.
12
87
Lilia_
12 Awgust 2022
Meň jigime menzap))))
Archi
27 Iýul 2022
Harika😇,Myhman Myhman,Dusia, sagboluň
Dusia
26 Iýul 2022
Hehe men ýaly ekenaý 🤭
Myhman Myhman
26 Iýul 2022
Uyalarynyzy yatdan cykarman yigitler😐
ay_kiz_
26 Iýul 2022
👍👍👍👍👍😳
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.