Dusia
25.07.2022
Geňdir dünýä
67
2 599

Suwuň hem gulagy bar...

Hezreti Möwlananyň bir sözi bar: "Bu gün seni ýaşadan suw ertir gark hem edip biler..."

Ýaradylan iň mukaddes zat bolan suwyň syrlary hakynda pikirlenip gördüňizmi?

   Bu makalada suwuň edil janlylar ýaly duýgylarynyň bardygyny aýtsam... Adamlar ýaly begenip, gaharlanyp bilýär diýsem... Aslynda muny men däl geçirilen gözlegler sözleýär!

  Öňler gara basyp gorkunç düýşler görenimizde ýaşulylarymyz ony akar suwa gürrüň ber diýerdiler, ýadyňyzda bolsa! Siziň pikiriňizçe bu düşenje jahyllykmydy ýa-da olar biziň bilmeýän zatlarymyzdan habarlymydy? 

Aý goýsanaý, senä düýşiňi suwa gürrüň ber olam seni höwes bilen diňlärow diýjekleriňizem bardyr belki...

Dünýämiziň başyna gelen soňky betbagtçylyklaryň asyl sebäbi suwuň düzüminde kodlanan bolup biler. Çäksiz başagaýlyk we aladaň içindedir ynsanogly, ýaşaýşymyzyň asyl sebäbi bolan suwy her bir işimizde ulanýas. 

Heý şu çaka çenli "bu näme zat, nähili gudrat"diýip içgin düşünip gördüňizmi?


     1956-njy ýylda Gündogar, Günorta Aziýada söweş ýaraglarynyň öndürilýän, gözleg işleri geçirilýän bir laboratoriýada gizlin alymlaryň hem gatnaşan bir ýygnagy boldy. Ýygnagyň maksady ýyllar boýy üstünde işlenýän "bakteriologiki ýarag" hakyndady. Ynsan nesli üçin howply bolan bu ýaragyň öndürilmeginiň ahyr soňuna gelipdiler. Dünýäni gorkuzan bu ýaragyň ara alnyp maslahatlaşylan bu ýygnagy nämedir bir sebäp bilen bölinmeli boldy. Ýygnaga gatnaşanlaryň hemmesi zäherlenme sebäpli hassahana eltilýär we halas edip bilmeýärler. Gözlegleriň netijesinde näme sebäpden zäherlenendikleri bilinmeýär. Ýygnaga gatnaşanlar stoluň üstündäki gapda duran suwdan başga hiç zat kabul etmändiler. Suw gözden geçirildi elbetde, emma zäherleýji hiç hili madda gabat gelinmedi, şondada olaryň ölüm taryhyna suwdan zäherlenme diýip ýazyldy. Onda olar nädip zäherlendikä? Geliň gowsy okamaga dowam edeliň...
   Wakadan ýyllar soň geçirilen gözleglerde aňymyzyň çatdygyndan has çuňlarda suwuň düzüminde bir täsin maddanyň bardygy öňe sürildi. Tejribe netijesinde suwuň duýgulara görä üýtgeýänligine göz ýetirildi. Edil nerw ulgamymyz ýaly daşky gurşawyndan gelen gyjyndyrmalary we maglumatlary aňyna alýar we biziň aklymyzyň çatmajak derejesindäki suwuň molekulalary öz şekillerini üýtgedýärler. Alymlara görä suw şeýlelik bilen ýatda saklap bilme ukybyna eýe.

Şol ýygnakdakylaryň içen suwlary belkide ähli zadyň jogabyny bilýändir...

   1995-nji ýylda Ýapon alymy Masaro Ereto öz gözlegleri bilen Bilim dünýäsine uly bir ses getirdi. Bir-birinden üýtgeşik sazlary suwa diňledip, suwdaky üýtgeşmelere mikroskopda gözegçilik etdi. Tapawutly sazlara suwuň beren jogaby gyzyklandyrýarmy?!


     Bilimiň ýene-de bir anyk jogap berip bilmeýän soragy bar. Näme üçin suw gaty, suwuk we gaz hallarynda bolup bilýär?

Gözleglere görä suwa iň gowy ýaraýan duýgy şükür etmek we söýgi duýgylarydyr. Eger suwa ynsanyýet ýaly gowy we erbet duýgylar täsir edýän bolsa, doga okalan suwy içen adamyň saglygy we psihologiýasy bilen bagly üýtgeşmeleri başdan geçirmesi geň däl meň pikirimçe!

       Suwuň bedenimizde duş gelmeýän ýeri ýok. Beýnimiziň hem agramly bölegi suwdan düzülen. Häzirkizaman bilimiň çözüp bilmeýän syrlaryny belkide könelerimiz gaty gowy bilýändir...

Ähli dinlerde hem suwyň aýratyn hormaty bar. Tiwetliler hassalary bejermekde suwyň gudratyny ulanýarlar. Olar hassalary gowlaşdyrmagy içlerindäki erbet ýaramaz pikirleri suw bilen arassalamaklyga ynanýarlar, belkide uzyn ýaşaýyşyň syry munda gizlenenmikä?! Musulmanlar namazdan öň suw bilen täret alýarlar. Hristianlar bolsa suwuň içinde günäleriniň geçildigine ynanýarlar.

Edil biziň ýaly suw hem hassalanyp bilýärmidir?

Himiki arassalaýyşdan suwuň biologiýasyny bozýan filtrlardan geçenden soň suw biziň öýlerimize gelip ýetýär. Ýetýär ýetmesine elbetde, ýöne ol suw başdan geçiren ähli kynçylyklaryny ýadynda saklaýar. Müňlerçe öýlerden, podezlerden geçen  kilometrlerçe turbadan akýarka suwuň ýygnaýan negatiw maglumatlaryny göz öňüne bir getiriň . Suw bedenimize kabul edýänçäk gör nähili negatiw energiýany ýatda saklaýar we bedene gireninde eýýäm öli halda bolýar.
        Weneziýada ýetilmesi gaty kyn bolan ýerde 800 metr belentlikde bir çeşme bar, alymlar ol suwdan alyp geçiren barlaglaryna görä ýönekeý agyz suwy bilen deňeşdirilende Weneziýadaky şol suwyň ýönekeý agyz suwundan örän köp aktiwdigine göz ýetiripdirler. Özem 3-4 esse däl, 40müň esse aktiw. Bu suw bedeniň ähli sistemasyny tiz aktiwleşdirmek ukybyna eýe, belkide ýerli halk bu sebäpden tehnologiýadan we şäherden mahrum bolsalarda bagtly we sagdyn ýaşaýarlar. Şäher medeniýetiniň ol ýere gelmegini islemeýärler.
Suwuň hem gulagy bar...
       Lukman hassanyň ganyndan analiz üçin alýar we mikroskopda beden saglygyny anyklaýar. Eritrositleriň elektrik zarýadyny ýitirenligini görýär. Şol sebäpli hem biri birine ýelmeşipdirler we simplast emele getiripdirler. Simplastlar öýken, ýürek keselleriniň we geljekde bolup biljek keselleriň habarçysydyr. Az wagtdan soň hassa suw içirilip, gaýtadan gan alnyp gözden geçirileninde eritrosit öýjükleriň erkin aktiw halda hereket edip ýörenligini görmek bolýar. Hemme öýjük zarýadlanan we bir birlerini itýärler. Şunlukda kislorod bedene rahat şekilde transport edilýär. Diňeje agyz suwunyň bedenimiz üçin peýdasyny görmek bolýar bu tejribede. Hemmeleriň ünsüni çeken "Zemzem" suwy hakynda Ýapon alymy Emeto Masarunuň bu gözlegi haýran edýär. Zemzen suwuna azan sesi diňleden alym şu şekile gabat gelýär:

         Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä bu suwuň gözbaşynyň nirden aldygy bilinenok. Onuň dünýädäki iň saglykly suwlaryň biri bolsada häzirki zaman ösen tehnologiýasy düzümini çözup bilmedi. Zemzem guýusy deňizden 80 km uzaklykda, 1,5 metr çuňlukda bolup her möwsüm dünýäniň dört tarapyndan gelen turistleriň sanynyň artykmaçlygyna garsmazdan azaltmak bilmeýär. Içen kişiniň açlygyny we suwsyzlygyny unutdyran Zemzem suwy bedenden diňe der hökmünde daşyna çykarylýar.
Amerikada geçirilen barlaglara görä Zemzem suwy düzüminde mikroorganizm saklamaýan ýeke täk suwdur.
       100 damja adaty suwa bir damja Zemzem suwy garyşdyrylanda bütin suwyň Zemzem suwuna öwrülenini görmek geň galdyrýar.

        Makalanyň başynda suw gaharlanýar diýipdim. Geçen 15 ýyl içinde buz daglarynyň eremekligi 3esse köpeldi. 35 ýyl içinde suw basmalaryň, tupanlaryň sany 2 esse artdy. Tebigy apatlaryň sany gitdigiçe artýar. 1972-1980 ýyllaryň aralygynda dünýä 1500-e golaý apatlary başdan geçirdi. 1983-1982 ýallar aralygynda 3500 töweregi, 1993-2002 ýillar aralygynda 6000 tebigy hadysa boldy. 2004-nji ýylda Aziýadaky suw basmada 226000 adam jan berdi, 500000 adam öýsiz galdy. 

       Soňky 10 ýyllykdaky apatlary hemmäňiz öziňiz bilýäňiz olary sanap oturmak gerek dälmikä diýýän...

Dünýädäki iň ýyrtyjy jandar diýlip tanalýan ynsanogly sebäpli suw gaharlanýan bolup bilermi?! Belkim tebigat bizden ar alýandyr, kim bilýä... Eger şeýle bolsa özümizi terbiýelemegiň wagty geldi! 

Çeşme: Tünjer Mereziň gözleglerinden esaslanyldy

Dusia
9 Yanwar 2024
Men ýenede şeýle postlar goýasym gelýä öňki panelim bolsady 🙁
jann
23 Awgust 2023
Gaty tasin maglumatlar bar eken haladym posty
nuryy
20 Awgust 2023
Gownum yetdi dos saña
batyrgylyc
18 May 2023
oran tasin maglumatlar ucin minnetdar isiniz ileri
a.s.o...
29 Mart 2023
Gaty gownume yarady.
Ena
27 Mart 2023
👍. Başda ynanasym gelmedi. Soňra zemzem suwy diyen soň . Doğrudur diydim
Myhman Myhman
11 Mart 2023
Hakyky özümüzi terbiýelemeli suwyň gadryny bilmeli insan
Myhman Myhman
8 Yanwar 2023
Gyzykly ekeni
Myhman Myhman
8 Yanwar 2023
Gaty gowy maslahat
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
Tuncer gizem avjysy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.