orhideya_
25.07.2022 17:36
Aramyzda bolan soňky düşünişmezlikden soň, maňa özümi dürsemek biraz kynrak düşdi. Öňküligimiň ýoklugyny hiç kime duýdurmajak bolup, öý işlerine gümra boldum. Ýöne başa barmady. Sen hakdaky pikirlerden ýaňa öz-özümi soraga çekip başladym: «Indi şol hakynda oýlanmaňda başga oýlanara zat ýokmy saňa?! Näme sen şoňa duşmankaň ýaşamadyňmy?!» diýip, beýnime gaharlandym. Ol pessaý seslendi: «Ýaşadym. Ýene-de ýaşaryn. Sebäbi ol bolmanda-da maşgalaň hakdaky aladalar bar ahyry».
Bu jogaby eşidip biraz köşeşdim-de, ýüregime ýüzlendim:
— Onda sen urmagyňy bes etjekmi?!
— Ýok-la, näme üçin?! Onuň senden aýrylyp gideni bilen men urmagymy bes etmerin. Bir-iki gün ynjaryn, emma urmagymy bes etmerin. Men seniň öňüňde goýan maksatlaryň üçin urmagymy dowam ederin.
Birsalym dymyp, özümi dürsedim. Belki, bedenim hereket etmegi inkär edip, el-aýakdan galaryn. Ýok, bedenim o diýen ejiz däl, sen gideniňden soň hereketini goýar ýaly. Ýa sensizlikden ýaňa ýüzümden ýylgyryş ýitäýermikä?! Aý, ýok. Edil ýürekden gülmesemem, ýylgyrmagym-a goýmajagymy bilýän. «Onda seniň gideniň bilen ýitirjek zadym ýok eken-dä» diýip, aýna seretdim. Şol pursat gözlerimiň owasy ýaşdan dolup, ýaňagymdan syrygyp gitdi. Bir zada düşündim. Sen gideňsoň beýnimem işlär, ýüregimem urar, el-aýagymam hereketde bolar. Ýüzümde ýylgyryşymam durar. Ýöne ýekeje zadyň, meniň gözelligimiň syry bolan esasy zadyň, gözlerimde seniň yşkyňdan dörän uçgunjyklaryň ýitjegine welin ymykly göz ýetirdim.

Käbe SARENKO,
15
89
Archi
26 Iýul 2022
👏👏👏👏....
Daykolay
25 Iýul 2022
Sen meni söýüşiñ ýaly söýýäni taparsyñ, emma men seni söýüşim ýaly soýýäni tapmarsyñ #Gozmonjugym
gulshatayewa97
25 Iýul 2022
Sensiz ýaşaman diýip aldaba biljekdal... sensizem ýaşaryn... ýöne seň bilen şeýle owadan ýaşaryn... (diýen sözleri ýatlatdy🌺)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.