1. Ýaşlygyma ýatlama.
Ah gözel ýaşlygym gözel ýaşlygym
Nirelere haýdap barýañ aýtsana
Aýralyga ýalñyzlyga döz gelip
Barşyña haýran men yza gaýtsana
Sende galdy ol oýnanja ýerlerim
Sende galdy begenenje günlerim
Señ bilen geçirdim gyşu ýazlarym
Wah meniñ ýaşlygym meniñ ýaşlygym
Nirelerde galdy dostu ýarlarym
Gumda ýatyp suwa düşen ýaplarym
Tapdyrmazmy indi geçen günlerim
Ýaşlygym ýaşlygym eziz ýaşlygym
2. Dünýäni gorkuzýan Korona wirusy hakynda.
Hytaý köp ilatly ýurtlaryñ biri
Hapacylygyñam iñ ösen ýeri
Döretdi özünde bir elhenç zady
Korona adyny alan wirusy
Iýdiler ýerganat ýylan içýany
Atdylar gazana ol gurbagany
Şeýdip döretdiler bize duşmany
Korona adyny alan wirusy
Kerepden aýyryp uly möýleri
Çölden getirdiler uly zemzeni
Atyp gaýnatdylar şol haýwanlary
Döretdiler ol Korona wirusy
Ençeme adamyñ soñuna ýeten
Dünýä ýurtlaryna agalyk eden
Ençe çagalary hossarsyz goýan
Ýitiriñ döreden Koronañyzy
Iýmek üçin ýaradypdyr jan Allam
Arassa halal hem wirussyz jandar
Siz bolsa iýañiz näme bolsada
Göz görkezýär size indi Koronañ
Alymlar tapmady saña hiç emi
Sen bolsa duzurýañ ençeme demi
Boldy besdir goýma çagany ýetim
Hassalar sagalsyn dolansyn bitin.
Awtory: özüm
Sähet Aşyrow
Kemter yada kapýadan cykan ýerleri bar bolsa teswirlerde düzediş girizip ýazaýyñ. Kimde nähili maslahat bar bolsa aşakda ýazyñ. Men entäk añrybaş şahyr däl ýalñyşlar üstünde kop işlemeli sonun ucin maslahatlaryñyza garaşýan. Sag boluñ!