perizadym
25.07.2022 00:07
Jigim bar bir enaýy,
Oñat görýäs hemmämiz.
Jigim bilen gürleşsek,
Ýok birjigem dymmamyz.

Gülýäs görüp jigimiñ,
Bizi tapjak bolýanyny.
Bilýä eýyýäm jigim jan,
Nireden ses gelýänini.

Ýöne jigim betje-dä,
Käte örän giç ýarýar.
Oýun gerek bezzada,
Biziñ ukymyz tutýar.

Eger uzak otyrsak,
Başlaýarys yranyp.
Ýatyberýäs onsoñ biz,
Ýorganymyzy bürenip.

Ejem welin ýorgana,
Girer ýerde girenok.
Towusganja jigimi,
Towusdyryp irenok.

Käte gijäñ bir wagty,
Oýanýaryn suw diläp.
Otyr ejem şonda-da,
Jigimjany hüwdüläp.

Irden oýarýar ejem,
Çaýymyzy gaýnadýar.
Otyr özem şonda-da,
Jigimjany oýnadýar.

Nahar taýyn, çaý taýyn,
Lowurdap ýanýar pejem.
Göremzok-la uklanny,
Haçan ýatýarka ejem?!

Tanýa Wasilýewa
9
74
Papatya
25 Iýul 2022
Milaya_🌺,👍👍👍👍👏
perizadym
25 Iýul 2022
Papatya, ýaşlygynda Türkmenistanda Murgabyñ kenarynda önüp-ösen , mekdebi , peduçilişsany türkmenistanda tamamlan.
Papatya
25 Iýul 2022
Şu Tanýaň bir tarapy türkmenmikä?! Goşgusyna milliligi siňdirip bilipdir🤔👍
ay_kiz_
25 Iýul 2022
👏👏👏👏👏
SerdarGeldiyew
25 Iýul 2022
Oran ajayyp yazlan eken
Papatya
25 Iýul 2022
Tanýa 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.