taýýarlamak
Öý bikelerine 8 maslahat
Bulary bilmek gyzykly
Gök önümleriň çigidini nädip arassalamaly?
Hyýaryň çigidini aýyrmak isleseňiz, onda doňdurma çemçejigini ulanyň. Şeýle-de, inçejik dilimlenen işdäaçar taýýarlamak üçin doňdurma çemçejigi ulanyp bilersiňiz.
Bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa…
Eger-de, bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa, onda bir jübüt buz bölejigini naharyňyzyň üstüne damdyryň. Buz naharyňyzyň içinde magnit ýaly hereket edip, ýag dokumalaryny özüne çeker.
Miweleriň gabygyny aňsatlyk bilen arassalamak üçin
Apelsinleriň we limonlaryň daşky gabygyny aýyrmakda kynçylyk çekýärsiňizmi? Miweleriňizi mikrotolkunda 20 sekunt goýuň. Şeýlelikde, onuň aňsatlyk bilen aýrylandygyna göz ýetirersiňiz.
Gaýnadylan ýumurtganyň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak
Ýumurtgany gaýnadýan suwuňyza soda ýa-da sirke goşuň. Bu maddalar ýumurtganyň gabygynyň içine girip, onuň gabygynyň has aňsat ýol bilen aýrylmagyna mümkinçilik berer.
Sitrus miwelerinden has köp suw almak
Limony soňky damjasyna çenli ulanmak isleseňiz, ilki miwäni sowadyjyda salkyn ýerde goýuň, soňra ony mikrotolkunda 15-20 sekunt goýuň we netijäni görüň.
Sogan dogranyňyzda gözýaş dökmezlik üçin
Sogany dogramazdan ozal 30 minut doňduryjyda goýuň. Sogan dograp duran wagtyňyzda sakgyç çeýneseňiz ýa-da duza seredip dursaňyz gözýaşyňyzy saklap biler.
Bişirilen önümleri gyzdyrmagyň dogry usuly
Mikrotolkunda pizza ýa-da bişirilen nahar gyzdyrylanda, gapdalynda bir stakan suw goýuň. Sebäbi çyglylyk iýmitiň guramagynyň öňüni alýar.
Lezzetli ýumurtga bişirmek
Ýumurtga bişirýän gabyňyza biraz suw goşuň. Bu usulyň kömegi bilen bişirýän ýumurtgaňyz tagamy has lezzetli bolar.