Birmahallar lowlap duran güldüň-ä,
Giň meýdana şugla paýlaýan nurduň.
Indi näme sary gussa öwrülip,
Birhili göwünsiz ýygrylyp dursuň?!
Ýa-da gül ömrüňi otlap gitdimi,
Bilbilleň içinde taýdyr öýdeniň.
Ynandyňmy, onuň saýrak sesine,
Bilmediňmi, allar bilen öwsenin?!
Şondan soň görküňden nyşan galmandyr,
Adamlaram diýýär saňa «çyrmaşyk».
Sen şonda-da näler ýaşajak bolýaň,
Ýanyňdaky ot-çöplere çyrmaşyp.
Ah, seniň derdiňden, gamyňdan ýaňa,
Galtaşan gülüňem saralýar, synýar.
Onsoň, göwündeşem galmandyr saňa,
Garaz, bu durmuşda seniňki kyn-da.
Käte-de şemalda uçasyň gelýär,
Ýanyna çen şol biwepa bilbiliň.
Ýöne uçarganat adamlarda-da,
Ykbaldaşyň az däldigin bilginiň.
Ynha, meň öňümde ýaýylyp ýatyr,
Yşgyň aýak basylmadyk meýdany.
Ýöne goýbermedi onuň goýnuna,
Ho-ol birmahal ýiti-ýiti seredip,
Bir gözeliň kalba atan peýkamy...