Hem bezeg, hem iýmit, hem melhem
Bu ösümlik diňe bir bezeg üçin däl-de, eýsem, iýmit we derman hökmünde hem ulanylýar. Gadymy Müsürde bu ösümligi ýaşaýşyň nyşany diýip atlandyrypdyrlar. Ol — kaktus gülüne meňzeş tikenli özboluşly ösümlik ALOE.
1935-nji ýylda ABŞ-da geçirilen barlaglaryň netijesinde, aloe ösümligini aşgazan we deri keselleri üçin peýdaly hasaplapdyrlar. Ol halk lukmançylygynda hem giňden ulanylýar.
Aloeniň düzüminde bakteriýalaryň köpelmegini kesýän madda bar. Şonuň üçin-de, ary çakanda, deri pyçak ýa-da başga enjamlar bilen kesilende, onuň ýapragyny dilip, şikes alan ýere ýapylsa, aloe ýaranyň iriňlemezliginiň öňüni alýar.
Aloe diňe dermanlyk hökmünde ulanylmaýar. Ol işdäni açyjydyr. Häzirki wagtda aloe şiresini goşup, dürli hili alkogolsyz içgileri taýýarlaýarlar. Şeýle içgiler ýaşlaryň arasynda has meşhurdyr. Ol kelle agyryny aýyrýar.
Öýlerde bezeg ösümligi hökmünde-de aloe meşhurlyga eýedir.