Demir otda taplanýar
Dünýäde adamy adam eden onuň wagta bolan gatnaşygydyr.
Derýalar hiç mahal gözbaşa dolanmaýar, ýöne derýanyň suwy hemişe çeşmäniň suwuna görädir.
Dogry eşitmegi başarmasaň, dogry düşünip bolmaýar.
Zehinsizlik — alaçsyzlyk, biçärelik hem gözgynylykdyr.
Syry ýaşadýan zat onuň hiç mahal açylmazlygydyr.
Wagt iki dem, alnan we goýberilen dem aralygyndaky salymdyr.
Şol bir derýa iki gezek girip bolmaýar.
Söz janyň ysydyr, bir adam dogry sözlese-de, özünde egrilik bar bolsa, sözünden egriligiň ysy geler. Bir adam buýtar-suýtar etse-de, janynda dogrulygyň özi bar bolsa, sözünden dogrulygyň ysy geler durar.
Demir otda, adam mätäçlikde taplanýar.
Dört sany zat az mukdarda-da köp görüner: agyry, garyplyk, ot, duşmançylyk.