ylham_gurbanaly
20.07.2022 00:43
Kakasyndan taýak iýen çaga deý,
Göwnüm bir zatlara hamsykdy şugün
(Ýere sokduň, mydam pylçadyň, ýördüň-
diýe aglamjyrap dillendi göwün)

Özge göwne bolsa-bolsun etdim men
Hemmesi-de geçdi-gitdi gelşine
Göwnüm batgalyga çümdi-le welin,
Çykarmadym Gimalaýyň gerşine

Käteler edilen zerur ýagşylyk,
Ýaşamady kebelegiň ömriçe
"Haýyr bolsun" diýe, oturdym,
dymdym.
Kabul etdim Ýaradanyň emriçe

Aý, garaz, mertlige meňzetdim, ýördüm
Göwün yzasyndan ejir çekeni
Diňe göwnüň bilen iş salşyp ýörseň,
Adam öz-özüni iýjek ekeni...


Ylham GURBANALYÝEW
13
81
ylham_gurbanaly
20 Iýul 2022
Myhman Myhman,Serwi,Sayida, Minnetdar👏👍
Sayida
20 Iýul 2022
👏👏👍 Başgalaryñ gowni uçin oz gownumizi kan ýykýas biz. Goşgy super!
Myhman Myhman
20 Iýul 2022
Shu goshgyňy halayanda esasanam sonky iki setir...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.