ArslanYazly
20.07.2022 00:08
Bedeniñiz barada şu hakykatlary bilýärdiñizmi?

1. Bir adamyñ agzynyñ içindäki bakteriýalaryñ mukdary dünýä ilatynyñ mukdaryndan köpdür.

2. Gök gözli adamlaryñ alkogol tolerantlylygy beýleki adamlara garanyñda has güýçli bolýar.

3. Bir bäbegiñ bedeninde uly adamlara garanyñda 60 sany artyk süñk bolýar.

4. Oya wagtymyzyñ 10%-ni gözlerimiz ýumuk görnüşde geçirýäris.

5. Bedenimizdäki bakteriýalaryñ takmynan agyrlygy 1.8 kg töweregi bolup durýar.

6. Oýa wagtymyz beýnimiz kiçijik lampany ýakyp biljek derejede tok öndürýär.

7. Beýnimiziñ ömrümiz boýunça saklap bilýän informasiýasy 1 kuadrillion bit töweregi.

8. Bedende tüýlenme bilen zehiniñ özara gatnaşygy bar diýlip çaklanýar.

9. Bedenimizdäki demiriñ mukdary 7sm çüýdäki demir mukdaryna deñ.

10. Herkimiñ barmak yzy tapawutly bolşy ýaly, dilimiziñ yzy hem tapawutlydyr.

11. Eger spiral şekilde ýerleşýän DNK-myzy düz çyzgy görnüşde pikir etsek, onda 10 milliard mil uzynlygynda çyzgy emele gelerdi. Bu bolsa Dünýä bilen Plutonyñ aralygynyñ 2 essesi bolýar.

12. Gulaklarymyz we burnumuz ömrümiziñ soñuna çenli ulalmaga dowam edýär.
17
114
ArslanYazly
24 Iýul 2022
Myhman Myhman,Salam
Myhman Myhman
20 Iýul 2022
Salam
ArslanYazly
20 Iýul 2022
Alfons,2. Olarda tolerantlylyk dorandir haçan gorseñ spirt orslara. 3. Hiç yere gidenok birlesyar. 7. Aý şona menem ulanamok😁. 👍👍👍

GoLd,👍👍👍
ArslanYazly
20 Iýul 2022
Gülşat Ataýewa,mümkin 👍👍👍
Relax
20 Iýul 2022
2 Orslan şoñ üçin mhamor bolýan bolmaly 3 soñ ol 60sany süñk nirä gidýäkä?7 köp adam ulananok öýdýän şoñ hemmesini
gulshatayewa97
20 Iýul 2022
Şondan garry adamlaň gulaklary burunlary uly bolýan bolmaly käbiri🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.