ylham_gurbanaly
19.07.2022 10:42

Gam-gussa bile birikdim
Bolubilsem satirikdim
Bilýän üçin materikdim
Bilmedige ada boldum

Kyny tutdym, amady däl
Kalbyn gördüm, kamaty däl
Kimler üçin adaty däl,
Kimler üçin kada boldum

Şeýtana boýun bolmadym
Il-güne oýun bolmadym
"Hä" diýip, goýun bolmadym
Boldugymdan sada boldum

Mätäç bolup, el sermedim
Yhlas etdim, el çermedim
Ýakyn üçin göz görmedim,
Bolsam mydam ýada boldum

Duranok, durmazam günler
Ak bagta atarar daňlar
Bagtyna gowuşdy kimler
Men ortada "ýa-da" boldum

Haram iýsem, ýansyn bagrym
Bozman asla iman çygrym
Düşmedige labrint şygrym
Düşünene ýoda boldum


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
8
83
ylham_gurbanaly
19 Iýul 2022
Sayida, Minnetdar. Siz gowy okyjy!

H3MRX, 👏👏👏👍
H3MRX
19 Iýul 2022
Örän gowy goşgy!
perizadym
19 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👏
Sayida
19 Iýul 2022
Il gune oyun bolmadym, " Ha" diyip goyun bolmadym...👍👍👍 Men düşundim, ýoda dal de yol bolduñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.