ylham_1989
19.07.2022 10:18

Zenanlary özüne çekiji edýän kiçijik hereketler


Elleri. Şol elleriň işlän wagty näzikligine aýratyn üns beriň! Aşhanada nahar bişirip durka duz atyşy, kitabyň sahypasyny geçirişi ýa-da awtobusda çekinjeň hereketleri bilen dik durmaga çalyşyp, bir ýerlerden ýapyşmagy ýaly.

Zenan eli inçe, barmaklary bolsa uzyndyr. Derisiniň astynda ony janly tutýan damarlarynyň çalaja görünmegi. Barmaklaryny hereket etdirende, hamana pianino çalýan ýaly.

Öz halyndalygy. Has dogrusy, islendik adamyň öz tebigy halyndalygy özüne çekijidir. Emma bu zenan babatynda diýseň üýtgeşik bolýar. Üstesine-de oňa aşyk bolan wagtyňyz seretseňiz hasam üýtgeşik.

Özüne hormatynyň bolmagy. Zenany güýçli we özüne çekiji görkezýän başga bir hereket bolsa, feminist bolmagydyr. Ýagny özüniň gadryny bilmegidir.

Erkege mätäçligi bolmadyk, söýgülisiniň her diýýänini seljerip, garşylyk berýän, islendik kişiden öň özüne hormat goýýan zenan, hormata we söýgä mynasypdyr. Elbetde, munuň ýaly zenanlar azdyr, hat-da gytdyr.

Sowukganlylyk. Bu häsiýete eýe zenanlar, iň masgaraçylykly pursatda hem rahat bolup bilýärler. Ýagny islendik şertde-de alňasama döretmeýärler.

Degişme düşünjesi. Elbetde güýçli däl, pesräk degişme düşünjesi zenanlarda bolsa kem däl.

Ony beýlekilerden tapawutlandyrýan zatlarynyň bolmagy. Bu geýinmek bilen baglanyşykly. Kiçijik bir zat bolsa-da, ony beýleki zenanlardan tapawutlandyrmaly.
13
163
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
27 Iýul 2022
moana, internet hojalykcysy😁
Myhman Myhman
27 Iýul 2022
Maona duzsyz gyzmy sen sonyaly
ylham_1989
20 Iýul 2022
Gülşat Ataýewa,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻Zümerret🌺,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
gulshatayewa97
19 Iýul 2022
Inni düşündim käbir zatlaň näme üçindigine🙈🙈🙈🙈
Sayida
19 Iýul 2022
👍 Zenanlar hakynda gowy zatlara yazylypdyr. (Her kim oz zenanasyna şu goz bn seretse)
ay_kiz_
19 Iýul 2022
1-njini okap içim gysyp gitdi🤭menä olar ýaly däl onda😁...... galanyna goşulýan👍😇
Myrataly
19 Iýul 2022
moana,Ok
Myrataly
19 Iýul 2022
moana,Malades hakykatdanam sheylesiň onda sen
Myrataly
19 Iýul 2022
moana,👍👍 Ay bolya men diyjegimi diydiň diyaňmi
Myrataly
19 Iýul 2022
moana,yokarda bir hili reklama yalak bolup gorundi ya men ŷalňyşŷanmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.