Ýetimje çaganyň täze ýyl arzuwy Aýazababa bilýän seniň barlygyň,
Haýyş meňem eşitsene dadymy.
Täze ýylda arzuwlara ýetirýäň,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Maňa süýji ýa-da köke gerek däl,
Oňaryn men ol zatlara seretmän.
Kakasyz boş ýürek munda ýürek däl,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Ejemden sorasam aglaýar her gün,
Aýdanok hiç maňa elenýär kalbym.
Haýyş birje günlik diňeje bir gün,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Deň-duşlarymyň ýanynda bar kakasy,
Seret kemputlyja olaň kisesi.
Garaşdym doldula sabryň käsesi,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Senem gel öýmüzde myhmanymyz bol,
Begendir jigimi yhlasymyz bol.
Bir arzuwym bitir ykbalymyz bol,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Seret, şemem aldyk gyzykly bolar,
Süýji nan mesge bar, ýeterle şolar.
Gelmese ejemiň gül ýüzi solar.
Şu täze ýyl getirsene kakamy.
Arzuwlarymy ak kagyza jemläýin,
Mundan artyk öz ýüregmi dilmäýin.
Aýazbaba, soň men azar bermäýin,
Şu täze ýyl getirsene kakamy.