Instagram tölegli abuna
yazylyşygy işe girizdi
Instagram tölegli abuna ýazylyşygy resmi taýdan işe girizdi. Indi blogerler öz mazmunyna elýeterliligiň bahasyny kesgitlemek mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu barada sosial ulgamyň baş müdiri Adam Mosseri aýtdy. Muny centralasia.media ýetirýär.
Onuň aýtmagyna görä, hem lentadaky postlary, hem storisleri ýa-da göni ýaýlymlary tölegli etmek bolýar. Şeýle-de, awtor bilen ýörite topar söhbetdeşliginde aragatnaşyk saklamak mümkin bolar.
Tölegli abunaçylaryň akkauntlary blogerleriň öz loýal auditoriýasyny görüp bilmegi üçin ýörite belgijik bilen bellik ediler. Şol bir wagtyň özünde, mazmunyň awtorlarynyň sahypalarynda aýratyn Subscriber home, ýagny “abunaçynyň öýi” goşundysy peýda bolar. Onda diňe abuna ýazylyşygy esasynda elýeterli bolan suratlar we storisler bolar.
Mosseri munuň Instagram tarapyndan ony awtorlaryň gazanjy üçin internetdäki iň gowy ýere öwrer ýaly ýene bir ädimdigini belleýär.